Ýer ýüzüniň demirgazyk we günorta polýuslarynda gije we gündiz uzak wagtlap dowam edip bilýär. Golaýda Alýaskanyň iň demirgazygyndaky Utkiagwik şäherinde Gün batdy. Indi bolsa, Gün 2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda dogar. Şol wagta çenli şäheriň ýaşaýjylary Güni görüp bilmezler. Şeýle-de bolsa, gijelerine hemişe tüm garaňkylyk bolmaýar. Iki aýdan gowrak dowam edýän döwürde bu ýerdäki ýagtylyk, köplenç, Günüň dogmazynyň öň ýanyndaky ýaly alagaraňky ýagdaýda bolar. Diňe käbir günler tüm garaňky bolar. Utkiagwik şäherinde her ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda Gün batyp, ýanwaryň ahyrynda dogýar. Bu tebigy hadysa polýar gijesi diýilýär.
Tyllagözel Babaýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
PDF









