Ýewropa ýurtlarynda Gün panellerine islegiň artýandygy mälim edildi. Sebit bu önümi, esasan hem, Hytaýdan import edýär. Ýylyň ilkinji ýedi aýynda bu ýurtdan Ýewropa eksportuň 25,9 göterim artandygy mälim edildi. Energiýa senagatynda maslahat beriji “Infolink” marketing edarasynyň maglumatnamasynda degişli döwürde Hytaýdan Ýewropa ýurtlaryna jemi kuwwaty 51,5 gigawat bolan Gün paneli iberilipdir. Soňky ýyllarda, esasan hem, dünýäniň senagat taýdan ösen ýurtlarynda alternatiw energiýanyň mukdary artýar. Energiýa bazaryna degişli maglumatlary taýýarlaýan “Ember” kompaniýasynyň berýän maglumatyna görä, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda Günden alynýan energiýanyň paýy maý-awgust aýlarynda geçen ýylyň degişli döwründäkiden 28 göterim artyp, 99,4 terawat/sagada ýetipdir.

Ýewropa Bileleşigi maý aýynda mälim eden maksatnamasyna görä, 2020-nji ýylyň ahyrynda 136 gigawat bolan Günden alynýan energiýanyň önümçilik kuwwatyny 2025-nji ýyla çenli iki essä, 2030-njy ýyla çenli bolsa, 600 gigawata ýetirmegi meýilleşdirýär.

Dörtguly Myradow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby