Içiň­de sak­la­ýan pi­kir­le­ri­ňi we duý­gu­la­ry­ňy be­ýan et­me­giň iň oňat usul­la­ry­nyň bi­ri gün­de­lik ýö­ret­mek en­di­gi­dir. Adam psi­ho­lo­gi­ýa­sy üçin gün­de­li­giň diý­seň uly peý­da­sy bar­dyr. Dur­mu­şyň ba­şa­gaý­ly gün­le­rin­de köp adam özi bi­len gep­leş­mä­ge we pi­kir alyş­ma­ga wagt tap­ma­ýar. Her gün ýat­maz­dan ozal ýa-da iş ara­syn­da ara­kes­me wag­ty gün­de­li­gi­ňe şol gün­ki ýat­la­ma­lar we baş­dan­ge­çir­me­ler ba­ra­da ýaz­mak özü­ňi kä­mil­leş­dir­mä­ge, ýat­keş­li­gi­ňi ösdürmä­ge we aky­ly­ňy dur­nuk­ly ýag­daý­da sak­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Hü­när­men­ler gün­de­lik ýö­ret­me­giň bir­nä­çe peý­da­sy­nyň bar­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.
Gün­de­lik ýö­ret­mek baş­dan ge­çir­ýän duý­gu­la­ry­ňy, pi­kir­le­ri­ňi ka­gyz­da be­ýan et­mek bi­len öz iç­ki dün­ýä­ňe has çuň­ňur sy­ýa­hat et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Iç­ki se­si­ňi eşit­mek, özü­ňi duý­mak we özü­ňe has go­wy dü­şün­mek üçin gün­de­lik ýö­ret­mek ze­rur­dyr. Bu özüň ba­ra­da ha­bar­dar bol­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
Eli­ňe ruç­ka ýa-da ga­lam alyp pi­kir­le­ri­ňi we duý­gu­la­ry­ňy ka­gy­za ýaz­mak stre­si azalt­mak­da ra­hat­lan­dy­ry­jy çeş­me bo­lup dur­ýar. Içiň­dä­ki pi­kir­le­ri­ňi, duý­gu­la­ry­ňy bo­şa­da­nyň­da adam özü­ni ýe­ňil duý­ýar, ala­da­lar­dan we la­py­keç ýag­daý­lar­dan daş­laş­ýar.
Her gün gün­de­li­gi­ňe şol gün­ki wa­ka­lar ba­ra­da ýaz­mak dö­re­di­ji­lik ba­şar­ny­gy­ňy art­dyr­ýar. Ýaz­ýan wag­tyň tä­ze pi­kir­ler dö­räp, dur­mu­şa bo­lan ga­ra­ýyş­la­ryň üýt­ge­ýär. Şeý­le hem kyn­çy­lyk­lar­dan baş alyp çyk­mak üçin tä­ze çöz­güt­ler ta­pyl­ýar. Ýaz­mak hy­ýal­la­ry­ňy güýç­len­di­rip, pi­kir­le­niş usul­la­ry­ny tä­ze­le­ýär.
Köp adam duý­gy taý­dan ejir çek­ýär. Duý­gu­çyl adam­la­ra gün­de­lik ýö­ret­mek ze­rur bo­lup, özü­ňi ele al­ma­ga, duý­gu­la­ry­ňa erk et­mä­ge we wa­ka­la­ra ob­ýek­tiw ga­ra­ma­ga kö­mek ed­ýär.
Gün­de­lik ýö­ret­mek wagt taý­dan özü­ňi do­lan­dyr­ma­ga hem ýar­dam ed­ýär. Haý­sy işe has köp wagt aýyr­ma­ly, gel­jek­de nä­me­le­ri me­ýil­leş­dir­me­li, öň­ki iş­le­riň ne­ti­je­le­ri nä­hi­li bol­dy – bu­la­ryň äh­li­si ba­ra­da gün­de­lik­dä­ki ýat­la­ma­lar­dan ta­pyp bol­ýar.
Adam ýa­za­nyn­da dynç al­ýar. Bu bol­sa özü­ňi ra­hat­la­ma­ga hem-de aňy kö­şeş­dir­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Yzy­gi­der­li gün­de­lik dol­dur­mak ýa­dy iş­jeň ýag­daý­da sak­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Ara­gat­na­şyk adam­la­ryň ara­syn­da­ky bag­la­ny­şy­gyň esa­sy öze­ni­dir. Gat­naş­ýan adam­la­ryň, dost-ýar­la­ryň ba­ra­da ýat­la­ma­lar ýaz­mak uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da olar bi­len ara­gat­na­şyk sak­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şeý­le hem gün­de­lik ýö­ret­mek adam­lar bi­len özü­ňi ho­şa­maý alyp bar­ma­ga we olar ba­ra­da oňyn pi­kir­len­mä­ge tä­sir ed­ýär.