Hytaýyň Milli kosmos ylym merkezi «Kuafu-1» emeli hemrasy arkaly Günüň suratyny düşürdi. Şu ýylyň 9-njy oktýabrynda uçurylan emeli hemra Günüň magnit meýdanyny öwrenmekde peýdalanylýar. «Kuafu-1» Günüň nähili emele gelendigini we kosmosyň howasyna nähili täsir edýändigini öwrenmek maksady bilen uçuryldy. Ýerden 720 kilometr uzaklykdaky enjam arkaly iki aýyň dowamynda gymmatly maglumatlar toplanypdyr. Bu enjamyň üsti bilen Günüň ýüzünde bolup geçýän partlaýyşlar hem ýakyndan öwrenilýär.
«Kuafu» taslamasyny taýýarlamaga 2012-nji ýylda girişilipdi.
Anastasiýa ÝELIZAROWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
PDF









