(Tymsal)

Bir ýo­la gur­ba­ga­nyň öz ýa­şa­ýan kö­lü­niň gyrasynda ge­zim edip ýö­ren sy­ça­na gö­zi düş­ýär. Sy­çan hem gur­ba­ga se­red­ýär. Şeý­le­lik­de, olar bir-bi­ri­ni go­wy gö­rüp, dost bol­ýar­lar. Ýö­ne ola­ryň bi­ri gu­ry ýer­de ýa­şap­dyr, beý­le­ki­sem suw­da. Olar wagt­la­ry­ny köp­lenç bi­le­lik­de ge­çi­rip­dir­ler: sy­çan gury ýerden gurbagany ça­gy­ryp­dyr, gur­ba­ga hem syçana ta­rap ýü­züp ba­ryp, be­gen­ji­ne war­ryk­lap­dyr. Em­ma bu dost­luk­dan sy­ça­nyň göw­ni suw iç­män­dir. Ol he­mi­şe gur­ba­ga bi­len bi­le bol­mak, onuň nä­me bi­len meş­gul bol­ýan­dy­gy­ny bil­mek is­läp­dir. Çün­ki sy­çan ça­gy­ran­ wagty gur­ba­ga kö­lüň uzak ýe­rin­de bo­la­ny üçin syçanyň se­si­ni hem eşit­män­dir. Sy­çan gurbagany göz­le­mek üçin su­wa gi­rip, ýü­züp bil­män­dir. Şo­nuň üçin bir ge­zek şeý­le tek­lip edip­dir:
– Gel, uzyn ýüp ta­pa­ly-da, bir-bi­ri­mi­ziň aýa­gy­my­za da­ňa­ly. Şeýt­sek, biz is­len­dik wagt bir-bi­ri­miz­den ha­bar­ly bo­la­rys.
Bu pi­kir gur­ba­ga­ny geň gal­dy­ryp­dyr. Gurbaga mu­nuň go­wu­lyk bi­len gu­tar­ma­ja­gy­ny sy­zyp­dyr, ýö­ne sy­çan bi­len yla­la­şyp­dyr­. Baş­da äh­li zat ug­ru­na bo­lup­dyr. Ýö­ne bir ge­zek ýokardan uçup bar­ýan ala gar­ga kö­lüň gy­ra­syn­da­ky sy­ça­ny gö­rüp, di­ka­şak­ly­gy­na gaý­dyp, syçany pen­je­si­ bilen gar­bap alyp, ýo­ka­ry gö­te­ri­lip­dir. Sy­çan bi­len bir­lik­de, ýüpe daň­lan gur­ba­ga-da as­ma­na gö­te­ri­lip­dir. Bu ah­wa­la­ty syn­lan ha­la­ýyk, guş­la­ram gur­ba­ga aw­lap baş­lan­dyr öý­düp, geň ga­lyp­dyr. Dik as­ma­na ga­lan gur­ba­ga pi­kir­len­män, özü­ni sy­ça­na bag­la­ma­ga ra­zy­lyk be­ren­di­gi üçin ju­da pe­ri­şan bo­lup­dyr.
Bu tymsalda özü­ňe my­na­syp dost saý­la­ma­ly­dy­gy öňe sü­rül­ýär.