• Ýer ýü­zün­de gur­ba­ga­la­ryň 4 müň 700-den gow­rak gör­nü­şi bar.
  • Şa­dy­ýan jan­dar­lar An­tark­ti­da­dan baş­ga äh­li yk­lym­da duş gel­ýär.
  • Gur­ba­ga­la­ryň kö­pü­si öz bo­ýun­dan 20 es­se be­ýik­li­ge bö­küp bil­ýär.
  • Gur­ba­ga­nyň gö­ze gör­nüp du­ran gu­la­gy ýok. Bu jan­dar­la­ryň se­si has tä­sir­li duý­ýan iç­ki gu­la­gy bar.
  • Gur­ba­ga­la­ryň ag­la­ba bö­le­gi awu­ny di­li bilen tut­ýar. Bu jan­dar­la­ryň şep­be­şik di­li mör-mö­jek­le­ri özü­ne ýel­meş­dir­ýär.
  • Gur­ba­ga­la­ryň kä­bir gör­nü­şi hep­de­de bir ge­zek, kä­bi­ri bol­sa her gün de­ri­si­ni ça­lyş­ýar.
  • Her bir er­kek gur­ba­ga­nyň beý­le­ki­le­ri özü­ne ma­ýyl et­mek üçin ulan­ýan öz­bo­luş­ly se­si bar.
  • Bu jan­dar­la­ryň ho­wa bi­len dol­du­ryl­ýan we se­sini 2 ki­lo­metr uzak­ly­ga güýç­len­di­rip bil­ýän ses hal­ta­la­ry bar.
  • Gur­ba­ga­nyň ýe­ke­je gör­nü­şi­niň ýo­kar­ky we aşa­ky äňin­de ki­çi­jik diş­le­ri bar. Ga­lan gör­nüş­le­riniň kä­bi­ri­niň ýo­kar­ky äňin­de diş­le­ri bar, kä­bi­ri bol­sa düý­bün­den diş­siz­dir. Bu jan­dar­lar il­ki awu­ny ag­zyn­da sak­la­ýar­lar, soň­ra göz­le­ri­ni gy­myl­da­dyp he­re­ket et­mek ar­ka­ly ýu­wud­ýar­lar.
  • Gur­ba­ga­lar ag­zy bi­len suw iç­me­ýär­ler. Bu jan­dar­lar su­wy de­ri­si­ne siň­di­rip, suw­suz­ly­gy­ny gan­dyr­ýar­lar.
  • Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň tro­pik to­kaý­la­ryn­da ýa­şa­ýan ga­ram­tyl me­nek­li dart gur­ba­ga­sy dün­ýä­dä­ki iň zä­her­li jan­dar­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar.
  • Gur­ba­ga­la­ryň köp gör­nü­şi 5-8 sa­gat­dan ar­tyk su­wuň aşa­gyn­da du­rup bil­me­ýär. Bu jan­dar­la­ryň kä­bir gör­nü­şi as­la su­wa gir­me­ýär, kä­bi­ri bol­sa bir­nä­çe aý­lap su­wuň aşa­gyn­da ýa­şa­ýar.
  • Bo­ýy 30 san­ti­met­re, ag­ra­my 7 ki­log­ra­ma çen­li ýet­ýän go­li­af gur­ba­ga­sy dün­ýä­dä­ki iň uly gur­ba­ga ha­sap­lan­ýar. Bu gur­ba­ga­lar Ka­me­run­da we Ek­wa­to­ri­al Gwi­ne­ýa­da ýa­şa­ýar.
  • Gur­ba­ga­la­ryň köp gör­nü­şi gy­şy­na ýe­riň ýum­şag­rak ýe­rin­de, agaç­la­ryň düý­bün­de ýa-da pal­çy­gyň için­de gyş uku­sy­na gid­ýär.