Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de olarda Watana wepalylyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklyk, ynsanperwerlik, halallyk ýaly belent ynsan häsiýetleriniň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýuridik şahs hökmünde döredildi, Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň ugrundaky Türkmenistanyň Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumynda ýerleşdirilmegi kesgitlenen bu Gaznanyň Tertipnamasy, gurluşy hem-de işgär sany tassyklanyldy.
***
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Tertipnamasynyň on üçünji bölegine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Rejep Bazarow Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory wezipesine bellenildi.
***
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ADYNDAKY HAÝYR-SAHAWAT GAZNASYNYŇ HASAPLARY AÇYLDY AŞGABAT, 29-njy martda Türkmenistanyň Merkezi bankynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 29-njy martyndaky 2196 belgili “Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakyndaky” Karary esasynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň milli we daşary ýurt pullarynda hasaplary açyldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasaplarynyň belgileri:
milli manatda — 23205934110100100000000;
amerikan dollarynda — 23205840110100200000000;
ýewroda — 23205978110100300000000.
Hyzmat ediji — Türkmenistanyň Merkezi banky. Bankyň anyklaýyş belgisi 390101101.