Germaniýanyň Demirgazyk deňzindäki Trişen adasy süýşýändigi bilen bellidir. Çaklamalara görä, 400 ýyl ozal emele gelen adada ilat ýaşamaýar. Meldorf aýlagyndan, ýagny kenardan 14 kilometr uzaklykda adada guşlaryň ýaşamagy we köpelmegi üçin amatly şertler bar. Demirgazyk deňziniň güýçli tolkunlary adanyň günbatar kenaryny oýup, ýok edýär. Tolkunyň dargadan gumy bolsa, akym bilen ýarym Aý şekilli adanyň günbatar kenaryna üýşýär. Netijede, adanyň bir tarapy eroziýa sebäpli ýitýän bolsa, beýleki tarapy gömülmek sebäpli giňeýär. Bilermenler şeýle tebigy prosesiň dowam eden ýagdaýynda adanyň ýene-de 400 ýyldan gury ýer bilen birleşjekdigini belleýärler. Ada emele gelen wagtyndan bäri 10 kilometr süýşüpdir.
Aýnur Annagurdowa, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.