Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň köpugurly sport toplumynda guşakly alyş göreşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Guşakly göreş görnüşleri milli federasiýasy tarapyndan guralan ýaryşa Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, şeýle-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan pälwanlaryň 200-den gowragy gatnaşdy.
Guşakly göreşiň alyş ugrundan guralan ýaryşda agram derejeleriniň 6-sy boýunça dartgynly göreşler tutuldy. 60 kilogram agramda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Umyt Garagulow ýurdumyzyň çempiony boldy. 70 kilogram agramda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Mekan Nurberdiýew hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykmagyň hötdesinden geldi. Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň sport mekdebiniň tälimçisi Agaýusup Garaýew 80 kilogram agramda şeýle üstünlige ýetdi. Onuň milli göreş boýunça ýaryşda hem tapawutlanandygyny bellemek gerek. Türkmen döwlet maliýe institutynda bilim alýan Annagurban Allaberdiýew öz agramynyň taýsyz ussady boldy. 100 kilogram agram derejesinde bolsa Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy Pälwan Gurbangeldiýew çempionlyk gazandy. Iň agyr agramda – 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Nurmuhammet Baýdogdyýew ýeňiji boldy.
Çeşme: «Türkmen sporty» gazeti