Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde seýrek duş gelýän gülgüne göwher Aziýanyň wekili tarapyndan, takmynan, 28,5 million ýewro satyn alyndy. 18 karatlyk daş «Christie’s» auksion satuw öýi tarapyndan auksiona çykaryldy. Auksion bary-ýogy dört minut dowam etdi. Gülgüne göwher auksionda satylan iň uly gymmat daşlaryň biri boldy.
– Bu brazil göwheri bolup, ýiti reňkleri bilen tanalýar. Emma bu ululyk gaty seýrek bolýar. Şeýlelikde, bularyň hemmesi daşy özboluşly edýär – diýip, auksion öýüniň wekili Rahul Kadakiýa belläp geçdi. Satyn alyjynyň ady mälim edilmedi. Auksiony guraýjylaryň pikiriçe, 18-lik san Aziýanyň käbir halklarynda şowly san hasaplanýar.
Ata MELEBAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby
PDF









