Gyrgyzystan ýylyň başyndan bäri 17 tonna gül eksport etdi. Bu barada Gyrgyzystanyň Suw serişdeleri, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat ministrligi mälim etdi. Edaranyň berýän maglumatlaryna görä, Gyrgyzystandan güller esasan Russiýa, Gazagystana, Özbegistana, Ermenistana we beýleki döwletlere eksport edilýär.
Gül eksportynyň göwrüminiň ýylsaýyn artýandygy bellenilýär. Şeýlelikde, 2024-nji ýylda daşary ýurtlara 13 million 49 müň 405 sany gül iberildi. 2025-nji ýylda bolsa eksportyň göwrümi has-da artyp, 24 million 99 müň 696 güle deň boldy.
Şeýle hem diňe şu ýylyň ilkinji iki aýynyň dowamynda Gyrgyzystandan 17 tonna ýa-da 213 müň 745 sany gül eksport edildi. «Eksport edilen gülleriň esasy bölegini esasy importýorlaryň birine öwrülen Özbegistan satyn aldy» diýlip, habarda aýdylýar.
Hünärmenleriň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda ýurtda gülçülik pudagy işjeň ösýär.