Nä­dip akyl­dar bol­ma­ly?
Gy­şyň aň­zak­ly so­wuk gün­le­ri­niň bi­rin­de bir adam akyl­da­ryň öýü­ne ba­ryp, on­dan so­ra­ýar:
– Men nä­dip akyl­dar bo­lup bi­ler­käm?
– Sen şo ýa­la­zy meý­da­na çyk-da, duruber – di­ýip, akyl­dar jo­gap ber­ýär.
Ge­ňir­ge­nen adam aý­dy­la­ny­ny et­me­li bol­ýar. Meý­da­na çyk­ýar-da, du­ru­ber­ýär. Şol wagt ho­wa has-da so­wap, üs­te­si­ne-de güýç­li ýa­gyş hem ýa­gyp ug­ra­ýar. Ýag­şyň astynda uzak durup üşän adam çy­da­man yzy­na do­lan­ýar.
– Men aý­dy­şyň ýa­ly da­şar­da dur­dum, mun­dan nä­me ne­ti­je? – di­ýip, ol akyl­dar­dan so­ra­ýar.
– So­wuk ho­wa­da, ýa­g­şa ezi­lip dur­kaň sa­ňa aýan bo­lan zat ýok­my? – di­ýip, akyl­dar so­ra­ýar.
– Ýok-la, nä­me aýan bol­sun ma­ňa? Gaýtam ýagşa ezilip, üşe­dim. Şeýle ýagdaýda özümi akylly-ha saýmadym – di­ýip, ol dig­de­nek­läp­dir.
– Diý­mek, on­da sen uly açyş edip­siň. Eger-de adam özü­niň akylly däldigini bo­ýun al­sa, diý­mek akyl­dar­ly­ga ta­rap bir ädim äden­di­gi­ni aň­lad­ýar. Akyl­dar­ly­gyň ba­şy hem hut şun­dan baş­lan­ýar – di­ýip, goja ýyl­gy­ryp­dyr.

Dag­lar we dur­muş
Bir og­lan­jyk ka­ka­sy bi­len da­ga gid­ýär. Og­lan­jyk bir­den büd­räp ýy­kyl­ýar-da, aýa­gy­ny agyr­dyp, «wah» di­ýip gy­gyr­ýar. Geň ýag­daý, ol öz se­si­niň gaý­ta­lan­ma­sy­ny eşid­ýär: «wah»
Bi­le­si­ge­li­ji­li­gi oýa­nan og­lan­jyk «Sen kim?» di­ýip gy­gyr­ýar. Ol dag ta­rap­dan «Sen kim?» di­ýen jo­ga­by al­ýar.
Bu jo­ga­ba ga­ha­ry ge­len og­lan­jyk: «Sen gor­kak» di­ýip gy­gyr­ýar. Dag­dan hem oňa «Sen gor­kak» di­ýen ses gel­ýär.
Og­lanjyk ka­ka­sy­nyň ýü­zü­ne çiň­e­ri­lip: «Ka­ka, bu nä­me bol­du­gy?» di­ýip so­ra­ýar.
Ka­ka­sy ýyl­gy­ryp: «Og­lum, üns ber» diý­ýär-de da­ga ga­rap, «Sen näh­ili gö­zel we aja­ýyp» di­ýip, bat­ly gy­gyr­ýar.
Dag­dan gel­ýän ses hem «Sen nähi­li gö­zel we aja­ýyp» di­ýip, jo­gap ber­ýär.
Og­la­njygyň ka­ka­sy ýe­ne-de gy­gyr­ýar: «Sen be­ýik»
Ol ses jo­gap ber­ýär: «Sen be­ýik»
Og­lan­jyk geň gal­ýar, ýö­ne nä­me bol­ýa­ny­na dü­şün­me­ýär.
On­soň ka­ka­sy og­lu­na dü­şün­dir­ýär. «Adam­lar mu­ňa «ýaň» diý­ýär­ler, ýö­ne ha­ky­kat­da we­lin, ol dur­muşdyr. Ol he­mi­şe se­niň öz aý­dan ýa-da eden za­dy­ňy yzy­na gaý­ta­ryp ber­ýär. Bi­ziň dur­mu­şy­myz di­ňe öz eden iş­le­ri­mi­ziň be­ýa­ny. Eger sen dün­ýä­de köp söý­gi, mä­hir bol­ma­gy­ny is­le­ýän bol­saň, on­da öz ýü­re­giň­de şon­ça köp söý­gi, mä­hir dö­ret! Eger-de sen öz syn­pyň­da köp ba­şar­nyk, ukyp bol­ma­gy­ny is­le­ýän bol­saň, öz ukyp-ba­şar­ny­gyňy ös­dür. Bu ýagdaý hem­me za­da, dur­mu­şyň äh­li ug­ru­na de­giş­li, dur­muş el­my­da­ma se­niň oňa be­ren za­dy­ňy yzy­na gaý­ta­ryp ber­ýär.

Taý­ýar­lan Nur­täç Hal­my­ra­do­wa, Be­ki Seý­tä­kow adyn­da­ky Mu­gal­lym­çy­lyk mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.