Gyşky-tomusky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek

113
BEIJING - Ireen Wust tijdens de ceremonie van de 1500 meter langebaan, tijdens de derde dag van de Olympische Winterspelen 2022 op de National Speed Skating Oval in Beijing, China. ANP VINCENT JANNINK

Hytaýyň paýtagty Pekinde dowam edýän XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynda Niderlandlaryň meşhur türgeni Ireen Wüst taryhy başarnyk görkezdi. Konkili typmak boýunça zenanlaryň arasyndaky 1500 metr aralygy geçmekde altyn medala mynasyp boldy. Ol 1 minut 53,28 sekuntda pellehana gelip, Olimpiýa rekordyny goýdy. Ýaryşda ýaponiýaly Miho Takagi 2-nji, ýeňijiniň watandaşy Antoinette de Ýong  23-nji ýeri eýeledi. Şunlukda, 35 ýaşyndaky Wüst yzly-yzyna ýekelikde 5 Olimpiadada (gyşky/tomusky) altyn medal gazanan ilkinji türgen hökmünde hasaba alyndy. Ol mundan ozal, 2006-njy ýylda Turinde 3000 metr, 2010-njy ýylda Wankuwerde 1500 metr, 2014-nji ýylda Soçide 3000 metr hem-de 2018-nji ýylda Phençhonda 1500 metr ýaryşlarynda münberiň çür depesine çykypdy. Onuň umumylykda Olimpiýa oýunlarynda 6 altyn, 5 kümüş hem-de 1 bürünç, jemi 12 medaly bar.