Ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri ýa­pon ça­ga­la­ry­nyň ara­syn­da oý­nal­ýan bu oýun hä­zir hem uly meş­hur­ly­ga eýe­dir. Bu oý­na «sy­çan-pi­şik» oý­ny, baş­ga­ça «do­ro­kei» hem diýil­ýär. Bu oýun­da ça­ga­lar deň iki to­pa­ra bö­lün­ýär. To­par­la­ryň bi­ri «sy­çan», beý­leki­si «pi­şik» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Il­ki «sy­çan­la­ry» ga­bap goý­mak üçin çy­zyk çy­zylýar. Soň­ra beý­le­ki to­par «sy­çan­la­ryň» gaç­ma­gy üçin bel­li bir wagt ber­ýär. My­sal üçin, 10-a çen­li sa­na­lyp bil­ner. Soň­ra ga­çan ça­ga­la­ry beý­le­ki to­par­da­ky­lar ko­walap baş­la­ýar. Gaç­ýan ça­ga­nyň is­len­dik ýe­ri­ne ko­wa­la­ýa­nyň eli deg­se, ol tu­tul­dy ha­sap edil­ýär we çy­zy­gyň içi­ne ge­ti­ri­lip «ga­bal­ýar». «Sy­çan­la­ryň» gaç­mak­la­ry üçin hem bel­li bir çäk bo­lup, ondan da­şy­na çyk­mak ga­da­gan edil­ýär. Gaç­ýan ça­galar çy­zy­gyň için­dä­ki ça­ga­la­ry gar­şy­daş to­par­dan bi­ri­ne tu­tul­maz­dan el­le­se, ol halas bol­ýar. Oýun äh­li «sy­çan­lar» tu­tu­lyp, çy­zy­gyň içi­ne ge­ti­ril­ýän­çä do­wam ed­ýär.