Pişikler maşgalasy ýyrtyjylar toparynyň iň uly agzasy bolup, 41 görnüşe we 92 kiçi topara bölünýär. Adaty öý pişiginden başlap, tokaýyň şasy hasaplanýan ýolbarsa çenli birnäçe ýyrtyjy jandary öz içine alýan pişikleriň täsin görnüşleri bar. Şolaryň biri hem serwal bolup, seýrek duş gelýän bu pişik guşuň ýelegine meňzeş ak-gara gulagy bilen tapawutlanýar.
Serwal Afrikanyň öri meýdanlarynda, batgalyk ýerlerinde we bambuk tokaýlarynda ýaşaýar. Täsin maglumatlaryň biri, Afrikada hem bambuk tokaýlary bolup, çalt ösýän bu agaçlaryň esasy bölegi Efiopiýada (1 million gektar) ýerleşýär. Pişigiň bu görnüşi, esasan hem, Saharanyň günortasyndaky ýurtlarda giňden ýaýrandyr.
«Leptailurus» urugynyň ýeke-täk agzasy bolan serwalyň boýy 54-62 santimetre, agramy 9-18 kilograma ýetýär. Orta ululykdaky bu pişikleriň kellesi kiçijik bolup, salparyp duran garamtyl menekli, sargylt uly gulaklary we gara reňkli guýrugy bar. Serwal pişikler maşgalasynyň iň uzyn aýaklysy hasaplanýar. Bu ýyrtyjy uzyndan inçe aýagy bilen 4 metre çenli böküp, sagatda 80 kilometr tizlikde ylgap bilýär.
Pişikler maşgalasynyň bu agzasy gije-gündiz hereketde bolýar. Serwallaryň esasy iýmiti alaka, ownuk guşlar, gurbaga, mör-möjekler we süýrenijiler bolup, ösen eşidiş duýgusyna eýedir. Bu jandarlar awuny, esasan, üstüne bökmek arkaly awlaýarlar. Menek-menek nokatly, sarymtyl tüýli bu pişikleriň garagulaga meňzeş ýüz keşbi bar. Bu pişigiň esasy aýratynlyklarynyň biri gulagynyň 180 dereje aýlanyp, uzakdan gelýän sesi eşidip bilýändigidir.
Serwallar Kilimanjaro dagynda, Gündogar Sudanyň sawannalarynda, Dinder – Alitaş goraghanasynda, Luambe milli seýilgähinde hasaba alnyp, kanuny esasda goralyp saklanýar. Serwallaryň esasy howpy syrtlan we afrika ýabany itleri bolup, olardan agaja çykyp goranýarlar. Çygly ýerleriň we otluk meýdanlaryň azalmagy bu ýyrtyjylaryň ýaşaýyş giňişligini çäklendirýär. Afrikanyň Benin we Senegal ýaly ýurtlarynda bu jandarlara lukmançylyk kömekleri hem berilýär. Serwal öri meýdanlarda gezip ýören mallara degmeýär. Çopanlar pişigiň bu görnüşini howpsuz hasaplaýarlar. Serwal Tebigaty we tebigy baýlyklary goramak boýunça halkara bileleşigi (IUCN) tarapyndan ýitip gitmek howpy abanýan jandarlaryň hataryna girizilen jandarlaryň biridir.