Her ýylyň 24-nji ýanwarynda Halkara bilim güni bellenip geçilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyjy esasynda dünýäniň birnäçe ýurdunda, esasan hem, Afrika ülkelerinde çagalaryň we ýetginjekleriň bilim almagy üçin birnäçe işler amala aşyrylýar. Çet ýerlerde ýaşaýan çagalaryň yzygiderli we üznüksiz bilim almagy, mekdeplerde mugallymlaryň ýeterlik bolmagyny gazanmak hem-de mekdebe ulag gatnawyny ýola goýmak BMG-niň gozgaýan esasy meseleleriniň biri bolup durýar. 2018-nji ýylyň dekabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan bilimiň derejesini artdyrmak, dünýäde parahatçylygy berkitmek we ösüşleri öwrenmek maksady bilen, 24-nji ýanwar – Halkara bilim güni diýlip yglan edilýär. Bu ýyl Halkara bilim güni «Bilimi bilelikde döretmekde ýaşlaryň güýji» şygary astynda bellenilýär.
Halkara bilim güni mynasybetli mekdep okuwçylarynyň arasynda mugallyma hormat goýmak, durmuşyňyza täsir eden mugallym, öýde okamagy endik etmek, çalt okamak we köp okamak ýaly birnäçe çäreler geçirilýär. Wagyz-nesihat işleri alnyp barlyp, çet obalarda ýaşaýan üçünji synpa çenli okuwçylara okamagy öwretmek, okuw gollanmalary bilen üpjün etmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.
PDF









