14-nji maýda paýtagtymyzda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň, nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň bu ugra degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Malaýziýanyň PETRONAS kompaniýasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri bilen halkara derejeli duşuşyk boldy. Duşuşyga türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Du­şu­şyk­da Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz pu­da­gyn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy yzy­gi­der­li ös­dür­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Şun­da bu ugur bo­ýun­ça dün­ýä­niň iri kom­pa­ni­ýa­la­ry we işe­wür dü­züm­ler bi­len yna­nyş­mak, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak, öza­ra bäh­bit­li­lik esa­syn­da gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­na mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Mu­nuň özi pu­da­gyň işi­niň iler­le­dil­me­gi bi­len bir ha­tar­da, onuň önüm­çi­lik dü­züm­le­ri­ne hä­zir­ki za­ma­nyň ösen tej­ri­be­si­niň or­naş­dy­ryl­ma­gyn­da-da aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň dü­züm­le­ri­ne ösen teh­no­lo­gi­ýa­lar, tä­ze­çil usul­lar, öň­de­ba­ry­jy dün­ýä tej­ri­be­si iş­jeň or­naş­dy­ryl­ýar. Şun­da hal­ka­ra de­re­je­de gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne we öza­ra tej­ri­be alyş­ma­ga uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu bol­sa de­giş­li dü­züm­ler­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy­na, hä­zir­ki za­ma­nyň san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ne­ti­je­li öz­leş­di­ril­me­gi­ne giň ýol aç­ýar. Iş­jeň ýag­daý­da ge­çen du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de iş­jeň­leş­dir­mek üçin ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy bel­le­nil­di.
Hal­ka­ra du­şu­şy­gyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni bi­len Ma­laý­zi­ýa­nyň «PET­RO­NAS Ça­ri­ga­li (Türk­me­nis­tan) Sdn Bhd» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň hem-de BAE-niň «AD­NOC Türk­me­nis­tan RSC Li­mi­ted» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ara­syn­da Şert­na­ma, şeý­le-de «Türk­men­gaz» döw­let kon­ser­ni bi­len Ma­laý­zi­ýa­nyň «PET­RO­NAS Ça­ri­ga­li (Türk­me­nis­tan) Sdn Bhd» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we BAE-niň «ADNOC Türk­me­nis­tan RSC Li­mi­ted» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ara­syn­da Şert­na­ma gol çe­kil­di.