Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Bu günki gün ak mermere beslenen paýtagtymyzy görmäge göz, taryp etmäge söz gerek.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ak mermerli paýtagty bolan Aşgabat Merkezi Aziýanyň merjen şäheri diýlip ykrar edilendir we şol bir wagtyň özünde ýurduň iri administratiw-syýasy, ulag, söwda we ylmy-medeni merkezi bolup durýandyr.
2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi we degişli şahadatnama gowşuryldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, 2013-nji ýyldan başlap 25-nji maý Aşgabat şäheriniň güni hökmünde bellenilip başlandy. Paýtagtyň baş wezipesi dünýä türkmenleri üçin baş şäher bolmak bilen, olaryň jebislik mesgenine we milli döwletliligiň mizemez binýadyna öwrülmekden ybaratdyr.
2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Aşgabat şäheri Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň (SŞBF) agzalygyna kabul edildi. Bu abraýly halkara guramadaky agzalyk şähere dürli syýahatçylyk ugurlarynyň ösdürilmegi we ýaýbaňlandyrylmagy, şonuň ýaly-da şäheriň syýahatçylyk imijiniň işlenilip düzülmeginde täze mümkinçilikleri açýar.
Şäherde mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, sport hem-de durmuş ähmiýetli beýleki desgalaryň gurluşygy işjeň dowam edýär. Paýtagtyň häzirki zaman keşbiniň kemala getirilmeginde ýerleriň abadançylygyna we bag ekilişine aýratyn üns berilýär.
Aşgabat şäheriniň ulag ulgamy awtomobil, demir ýol we howa ulag görnüşlerinden ybaratdyr. Paýtagtda halkara howa menzili hereket edýär. Aşgabat Türkmenistanyň iri aragatnaşyk ulgamy bolup, şäheri bu ýerde tele we radiokommunikasiýalarynyň, sanly hemra aragatnaşygynyň ösen tory döredilendir. Türkmenistanyň paýtagty iri söwda merkezi bolup durýandyr. Ýurduň umumy söwda dolanyşygynda Aşgabat öňdebaryjy orny eýeleýär.
Aşgabat şäheri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde düýpli özgerişlere eýe boldy.
Umuman, Aşgabat şäheri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň iri syýasy-dolandyryş, söwda, medeni we ylmy merkezi bolup durýar. Paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak we onuň hukuk binýadyny berkitmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, yhlasly hem döredijilikli zähmet çekmegi, medeniýetli dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini tassyklaýar.
Aziýanyň merjeni bolan Aşgabat bu gün dünýäniň üns merkezinde. Günsaýyn özgerýän, gözelleşýän paýtagtymyz ak mermere beslenen beýik ymaratlary, kaşaň jaýlary, giň we owadan köçeleri, seýilgähleri bilen görenleri haýran galdyrýar. Ak şäherimiz Aşgabat parahatçylygyň, dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň we ynanyşmagyň mekanyna öwrüldi.
Döwlet ORAZMUHAMMEDOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.