Türk­me­nis­tan hal­ka­ra ser­gi­le­riň we fo­rum­la­ryň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rül­di. Ýur­du­myz­da hal­ka­ra de­re­je­le­ri mas­la­hat­lar, fo­rum­lar we ser­gi­ler her ýyl ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk esa­syn­da ge­çi­ril­ýär. Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly my­na­sy­bet­li 2025-nji ýyl­da hem ýur­du­myz­da köp­san­ly fo­rum­lar, mas­la­hat­lar we ser­gi­ler gu­ra­lar. Ola­ryň ha­ta­ryn­da «Türk­me­nis­ta­nyň gel­je­gi­ne ma­ýa go­ýum­lar» at­ly hu­su­sy pu­da­ga ma­ýa go­ýum­la­ry­ çek­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra fo­ru­my­ hem-de Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra fo­ru­my­ ag­za­mak bo­lar.
Şeý­le hem üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da ýur­du­myz­da her ýyl ge­çi­ril­ýän hem-de dä­be öw­rü­len «Ak şä­he­ri­m Aş­ga­bat» at­ly XXIV kö­pu­gur­ly hal­ka­ra ser­gi­, «Sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim we sport Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de» at­ly hal­ka­ra ser­gi­si we yl­my mas­la­ha­t, «Türk­me­nis­ta­nyň ne­bi­ti we ga­zy – 2025» at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­t we ser­gi­, Te­lea­ra­gat­na­şyk, te­le­met­ri­ýa, ha­bar be­riş til­si­mat­la­ry­nyň we te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş en­jam­la­ry­nyň «Türk­men­tel – 2025» at­ly hal­ka­ra ser­gi­si we yl­my mas­la­ha­ty ge­çi­ri­ler.
Mun­dan baş­ga-da, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ba­bat­da da­şa­ry ýurt­la­ryň ýur­du­myz­da ser­gi­le­ri ýa-da fo­rum­la­ry hem göz öňün­de tu­tul­ýar. Köp ýyl­lar­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän, ýur­du­my­zyň esa­sy söw­da we yk­dy­sa­dy hyz­mat­da­şy bo­lan Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň eks­port ha­ryt­la­ry­nyň ser­gi­si­ni hem 2025-nji ýyl­da gu­ra­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Şol bir wagt­da ýur­du­myz­da tä­ze ge­çi­ri­lip baş­la­nan hal­ka­ra fo­rum­dyr ser­gi­le­ri hem gu­ra­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Ola­ryň ha­ta­ryn­da «Türk­me­nis­tan­da hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän hil üp­jün­çi­li­gi» at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­ty­ny, «Turk­men­texti­le Expo – 2025» at­ly hal­ka­ra ser­gi-ýar­mar­ka­sy­ny hem-de «Kids Expo: äh­li zat ça­ga­lar üçin» hal­ka­ra ser­gi-ýar­mar­ka­sy­ny bel­le­mek bo­lar.
Şeý­le hal­ka­ra fo­rum­lar we ser­gi­ler ýur­du­my­zyň halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li pu­dak­la­ryn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny has-da iş­jeň­leş­dir­mä­ge uly iter­gi ber­ýär.

Sa­pa DÖRT­GU­LY­ÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.