Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekany bolan eziz Diýarymyzda bedenterbiýäni hem-de sporty ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işlerini dowamata besleýän hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda bu ulgama jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkara giňişlikde dost-doganlygy berkidýän gymmatlyklar ulgamy hökmünde garalýar. Ýurdumyzda raýatlaryň sagdynlygynyň binýadyna deňelýän köpçülikleýin bedenterbiýe bilen birlikde, ýokary netijeleri gazanmaga gönükdirilen sporty ösdürmäge berilýän ünsüň netijesinde, türkmenistanly türgenler dürli ýurtlarda geçirilýän ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, ýaşyl tugumyzy belentde parladýarlar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen ýylyň dowamynda türgenlerimiz jahanyň çar ýanynda guralan halkara ýaryşlaryň ençemesine gatnaşyp, medallaryň jemi 752-sini gazanmagy başardylar. Munuň özi 2024-nji ýylda, ortaça hasap bilen, türgenlerimiziň her günde halkara ýaryşyň iki medalyny gazanandygyny aňladýar. Ýeňişleri bilen göwünlerimizi galkyndyran ildeşlerimize hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly serpaýlarynyň ýapylmagy bolsa sport üstünlikleriniň dowamat-dowam bolmagy ugrunda edilýän tagallalardan nyşandyr. Watanymyz soňky ýyllarda halkara giňişlikde sport diplomatiýasyny ilerledýän hem-de abraýly ýaryşlaryň yzygiderli geçirilýän ýeri hökmünde-de uly abraýa eýe bolýar. 2024-nji ýylda Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşyň geçirilmegi, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bu hakykatyň aýdyň subutnamalarydyr.
Häzirki günlerde türgenlerimiz sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlara işjeň taýýarlyk görýärler. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky döwrebap sport toplumynyň desgalary türkmen türgenlerine abraýly ýaryşlara taýýarlanmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň bir böleginiň daşary ýurtlarda geçirilmegi türgenlere has-da kämilleşmäge, tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz parahatçylygyň ilçisi hasaplanýan sporta aýratyn ähmiýet berýär. Şu ýylyň başynda Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygyna sapar bilen ugramagynyň öň ýanynda ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen bolan söhbetdeşliginde 2025-nji ýylda Monakonyň «Dünýäniň sport paýtagty» diýlip yglan edilendigini, Türkmenistanda bolsa bu ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylandygyny belläp, sportuň Ýer ýüzünde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki ornuna üns çekmegi hem ýatlanylmaga mynasypdyr.
Durdy BAÝMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.