Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň “Halkara okuw sapary” atly maksatnamasynyň çäklerinde “Söwda, ösüş we maliýe” atly okuw sapaklary başlady. Bu okuwlara türkmen tarapyndan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekili gatnaşýar.
Sapaklaryň birinji gününde, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň hünärmeni Marta Pereýma, “Halkara okuw saparynyň” guramaçylyk işleri boýunça ýolbaşçysy Megan Simpson hem-de Amerikan Katolik uniwersitetiniň professory Metýuw Grin çykyş etdiler.
Şeýle hem giňişleýin tanyşmak maksady bilen okuwlara gatnaşyjylara çykyş etmek üçin mümkinçilik döredildi. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekili Abdal Hydyrow ýurdumyzyň bilim pudagyndaky ösüşleri hem-de geljek üçin öňde goýlan wezipeler barada gatnaşyjylara giňişleýin gürrüň berdi.
Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde dünýäniň 30-dan gowrak ýurtlaryndan gatnaşýan wekillerine ABŞ-nyň dünýä döwletleri bilen maliýe we söwda gatnaşyklaryny ilerlemekde alyp barýan işleri bilen tanyşdyrmak, tejribe alyşmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan syýasat bilen giňişleýin tanyşdyrylar.
Şol bir wagtda, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilim we medeni meseleler boýunça býurosynyň wekilleri, hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça öňdebaryjy maliýe, halkara täjirçilik, telekeçilik edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçiriler.
Çeşme: Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti.