7-11-nji iýul aralygynda Özbegistan Respublikasynda geçirilýän I halkara Yslam siwilizasiýasy forumynyň çäklerinde ylym, bilim we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem yslam medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen 70-den gowrak halkara taslama badalga berildi. Daşkent, Samarkant we Termez şäherlerinde guralýan bäş günlük forum dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan 450-den gowrak alymlary, din wekillerini, diplomatlary we barlag geçirijileri bir ýere jemleýär. Halkara çäräniň esasy maksady yslam medeniýetiniň dünýä siwilizasiýasyna, ylmyna hem-de intellektual durmuşyna goşan taryhy goşandyny aýdyň görkezmekden, yslamyň parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrmakdan ybaratdyr.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoew forumyň açylyş dabarasynda gatnaşyjylara ýollan ýüzlenmesinde häzirki wagtda dünýäniň çykalgasyz gapma-garşylyklar, ekstremizm we yslamofobiýa ýaly çylşyrymly wezipeler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny belläp, ylymdyr bilimiň, medeniýetiň we umumyadamzat ahlak gymmatlyklarynyň parahatçylygy, dialogy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm gural bolup durýandygyny nygtady. Çäräni guraýjy tarap bolan Özbegistandaky Yslam siwilizasiýasy merkeziniň wekilleri hem öz gezeginde yslamyň zorluk-sütem bilen baglanyşdyrylmagynyň onuň asyl düýp özeni we taryhy hakykaty bilen düýbünden ters gelýändigini, munuň asyrlaryň dowamynda gazanylan ylmy üstünlikler arkaly subut edilmelidigini öňe sürdüler.
Maslahatyň dowamynda Merkezi Aziýanyň beýik alymlarynyň matematika, astronomiýa, lukmançylyk we pelsepe ylymlarynyň ösüşine, hatda häzirki zaman emeli aň tehnologiýalarynyň düýp esaslarynyň goýulmagyna ýetiren täsirine aýratyn üns berildi. Ýygnananlar taryhy golýazmalary gorap saklamakda, olary sanly ulgama geçirmekde we öwrenmekde döwrebap tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taslamalaryň netijeleri boýunça ylmy barlaglar, golýazma mirasyny gorap saklamak, bilim we sanly tehnologiýalar ulgamynda geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitleýän Daşkent jarnamasynyň kabul edilmegine garaşylýar.
PDF









