Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli mirasymyzy öwrenmek, ösdürmek ugrunda möhüm işler alnyp barylýar. Ýokary çeperçiligi, inçeligi bilen göreni haýrana goýýan halyçylyk sungaty türkmen medeniýetiniň iň gymmatly we kämil mirasydyr. Gadymy döwürlerden bäri dünýä meşhur haly sungatynyň köp asyrlyk taryhy bar. Haly we haly önümlerini dokamak däbi nesilden-nesle geçip, asyrlaryň dowamynda timarlanypdyr, kämilleşipdir we türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşy bilen berk bagly bolupdyr.
Türkmen halysy gözelligiň we beýik sungatyň nusgasy. Täze taryhy döwürde türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasyny düýpli öwrenmek, haly dokamak sungatynyň gadymy ýörelgelerini we gymmatlyklaryny aýawly gorap saklamak hem-de artdyrmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenilýär. Bu sene mynasybetli sergi we baýramçylyk dabaralary geçirilýär.
Köklerini gadymy döwürlerden alyp gaýdýan türkmen halyçylyk sungaty dünýäniň medeni mirasynda mynasyp orun tapdy. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halyçylyk sungatynyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny aýdyň görkezýär.
Döwletjemal MEREDOWA,
Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 9-njy çagalar bagynyň terbiýeçisi.