Balyklar howpdan goranmak ýa-da awuny tutmak üçin örän çalt ýüzýärler. Deňiz jandarlarynyň tizligini ölçemek aňsat däl. Muňa garamazdan, ihtiologlar balyklaryň ortaça tizligini nazarda tutup, ýelken balygyny iň çalt ýüzýän balyk hasaplaýarlar.
Ýelken balygynyň tizligi sagatda 110 kilometre ýetýär. Atlantik, Hindi we Ýuwaş ummanlarynda mesgen tutan bu balyklar 13 ýyl ýaşaýar. Ýelken balygynyň uzynlygy ortaça 270 santimetre, agramy 100 kilograma çenli ýetýär. Ýelken balygynyň arkasynda ýelkene meňzeş uly ýüzgüji, şeýle hem döşünde ele meňzeş iki sany uzyn ýüzgüji bar. Bu ýüzgüçler uzyn çüňkli balygyň has çalt ýüzmegine ýardam edýär. Ýyrtyjy balyklaryň bir görnüşi bolan ýelken balygy topar bolup aw edýärler. Göçüp-gonup ýören bu balyklar, esasan, ownuk deňiz jandarlary bilen iýmitlenýärler.