Döwletimiz parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ösüşiň gazanylmagy ugrunda başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Sebitde hem dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugry bolup durýar. Munuň özi, bir tarapdan, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi bilen baglanyşyklydyr, beýleki tarapdan, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek durnukly ösüş boýunça ählumumy meseleleri çözmegiň hökmany şerti bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, halkara gatnaşyklarda oňyn Bitaraplyk syýasatyny yglan etdi. Milletler Bileleşigi tarapyndan ýurdumyzyň bu hukuk derejesi ykrar edildi. Türkmen döwletiniň Bitaraplyk syýasaty onuň köptaraply daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugry bolmak bilen, ählumumy parahatçylygy, ösüşi üpjün etmek ýaly üçünji müňýyllygyň hemmetaraplaýyn maksatlaryna laýyk gelýär. Muny 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda hem-de 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamasynyň 3 gezek kabul edilmegi, 2017-nji ýylyň fewral aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde agza döwletleriň goldamagynda her ýylyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan edilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň dünýäde dabaralanýandygyny aýdyň görkezýär.
«Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr» diýip, Gahryman Arkadagymyz «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda belleýär. Türkmenistanyň Bitaraplygy we onuň binýatlyk häsiýetleri – parahatçylygy söýüjilik, işjeň parahatçylygy üpjün etmek, harby gapma-garşylyklara, birleşiklere we şertnamalara gatnaşmazlyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, olaryň özygtyýarlylygyny hem-de çäkleriniň bitewüligini hormatlamak bolup durýar. Şu nukdaýnazardan parahatçylyk düşünjesini giňişleýin belläp geçmek möhümdir.
Halkara parahatçylyk daşary syýasatda güýç ulanmazlyga esaslanýan we öz üstüne alan borçnamalaryny berjaý edýän döwletleriň we halklaryň arasyndaky ylalaşykly, dostlukly gatnaşyklardyr.
Türkmenistan bütin dünýäde, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda halkara tagallalara işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň 28-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Merkezi Aziýany parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagy diýip yglan etmek hakynda kabul edilen Kararnamanyň ähmiýeti uludyr. Şeýle hem Türkmenistan halkara gatnaşyklarda ynanyşmak dialogynyň filosofiýasyny ilerletmek maksady bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Dialog – parahatçylygyň kepili» diýen Kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň başyny başlamagy göz öňünde tutýar.
Bitarap Türkmenistan häzirki zamanyň möhüm meseleleri we wezipeleri boýunça deňeçer çözgütleri işläp taýýarlamakda başlangyçlary öňe sürmek bilen, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin BMG-niň strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýar. Hususan hem Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlarynyň işlenip taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşdy hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-sini hem resmi kabul eden we milli maksatnamalaryna hem-de ösüş strategiýalaryna girizen ilkinji döwletleriň biri boldy.
Umuman, Bitarap Türkmenistan halkara gatnaşyklar ulgamynda meseleleri çözmegiň şunuň ýaly köpugurly guralyny döredip, möhüm meseleleri çözmekde has kämil çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga ýardam berýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ata-babalarymyzdan gelýän parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerimiz mynasyp dowam etdirilýär. Parahatçylygy, asudalygy bütin dünýäde dabaralandyrmak mukaddes işdir. Ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Agamyrat SAPAROW, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy,
leýtenant.
PDF









