Hindistan we Russiýa migrasiýa, zähmet hereketi, saglygy goraýyş, azyk howpsuzlygy, deňiz hyzmatdaşlygy we söwda ýaly ugurlarda birnäçe ylalaşyga we özara düşünişmek baradaky ähtnamalara gol çekdiler.
Ikitaraplaýyn ylalaşyklara Nýu-Delide Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi we 4-5-nji dekabrda döwlet sapary bilen Hindistanda bolan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň gatnaşmagynda gol çekildi.
Mundan başga-da, Putiniň sapary mynasybetli Hindistan Russiýanyň raýatlaryna özara esasda 30 günlük mugt elektron syýahatçylyk wizasyny hödürlejekdigini mälim etdi.
Bilelikdäki beýanata görä, Putin we Modi iki ýurduň arasyndaky aýratyn we ýeňillikli strategik hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagy goldaýandyklaryny tassykladylar.
Taraplar ýadro energiýasy ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, şol sanda Hindistanyň günortasyndaky Tamilnad ştatynda ýerleşýän Kudankulam atom elektrik stansiýasynyň durmuş aýlawyny üpjün etmek baradaky maksatalryny tassykladylar.
PDF









