Tai­wa­nyň elekt­ron en­jam­la­ry­ny ön­dür­ýän «Foxconn Techno­lo­gy Group» kom­pa­ni­ýa­sy Hin­dis­tan­da çip ön­dür­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ba­bat­da Hin­dis­ta­nyň reňk­li me­tal ön­dür­ýän «Vedan­ta Ltd» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­k göz öňün­de tutul­ýar.
Täze zawod ýur­duň gün­ba­ta­ryn­daky Gu­ja­rat şta­tyn­da gur­lar. Hin­di kom­pa­ni­ýa­syn­yň beren be­ýa­na­tyna gö­rä, 100 müň iş or­nu­nyň dö­re­dil­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýan bu tas­la­ma­nyň umu­my ma­ýa go­ýu­my 20 mil­liard dol­la­ra ba­ra­bar bo­lar.
«Foxconn» kom­pa­ni­ýa­sy komp­ýu­ter­le­ri, smart­fon­la­ry we elekt­ron en­jam­la­ryň on­lar­ça gör­nü­şi­ni ön­dür­ýär. In­di bol­sa kom­pa­ni­ýa ýa­rym­ge­çi­ri­ji­le­ri ön­dür­mek işi­ne hem üns be­rer. Mu­nuň üçin kom­pa­ni­ýa 120 mil­li­on dol­lar ma­ýa go­ýar. Tas­la­ma­nyň 60 gö­te­ri­mi «Foxconn»-yň pa­ýy­na dü­şer. Gel­jek 2 ýy­lyň do­wa­myn­da çip önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­mak mak­sat edi­nil­ýär.

Ýyl­dyz­han ÇA­RY­GEL­DI­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.