Dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hindistanda ýolagçy gatnawy üçin otlulardan has köp peýdalanylýar. Ýurduň iri şäherleri bolan Mumbaý bilen Ahmedabadyň aralygynda ýokary tizlikli otly ýolunyň gurluşygy dowam etdirilýär. 2027-nji ýylda açylyp ulanmaga berilmegine garaşylýan otly ýolunyň ugrunda köprüleriň hem birnäçesiniň gurluşygy dowam edýär. Gurluşygyna 2017-nji ýylda başlanan taslamanyň çäklerinde eýýäm birnäçe desga gurlup taýýar edildi. Ilkibaşda Gujarat ştatyndaky Surat we Wapi şäherleriniň arasynda gatnaw ýola goýlar. Tizligi sagatda 320 kilometre ýetjek otlular Mumbaý bilen Ahmedabad şäheriniň arasyndaky gatnawyň wagtyny ep-esli azaldar. Häzirki wagtda bu iki şäheriň arasynda 6-7 sagat dowam edýän syýahatyň wagty 2 sagada düşer. Demir ýoluň uly bölegi (85%, 465 km) sütünleriň üstünde, ýagny köpri görnüşinde gurulýar. Demir ýolda Ýaponiýanyň otlulary ulanylar.
Gülälek Haýdarowa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
PDF









