Güneşli Di­ýa­ry­myz spor­tuň köp san­ly gör­nüş­le­ri­niň giň ge­rim­de ös­dü­ril­ýän ýur­du­na öw­rül­di. Ata Wa­ta­ny­myz­da gyş­ky sport oýun­la­ry­ny ös­dür­mä­ge hem aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da bu­zuň üs­tün­de oý­nal­ýan şaý­ba­ly hok­keýi hem ag­za­mak bo­lar.
Şaý­ba­ly hok­keý ba­ra­da gür­rüň edi­len­de ýa-da «ma­wy ek­ran» ar­ka­ly sport gepleşiklerine to­ma­şa edi­len­de, köp­lenç Rus­si­ýa, ABŞ, Ka­na­da ýa­ly döw­let­le­riň çem­pio­nat­la­ry ag­zal­ýar. Adat­ça, Mon­re­al (Ka­na­da) hä­zir­ki za­man hok­ke­ýi­niň dö­rän ýe­ri ha­sap­lan­ýar. Ýö­ne bu­zuň üs­tün­de eg­ri ta­ýak­lar we top­lar bi­len oýnalýan oýun­la­ra köp me­de­ni­ýetler­iň ta­ry­hyn­da duşmak bolýar. 1875-nji ýy­lyň 3-nji mar­tyn­da il­kin­ji hok­keý oý­ny Mon­re­al­da Wik­to­ri­ýa kon­ki meý­dan­ça­syn­da ge­çi­ril­ýär. 1877-nji ýyl­da Mon­rea­lyň Mak­Gill uni­wer­si­te­ti­niň ta­lyp­la­ry hok­ke­ýiň il­kin­ji ýe­di düz­gü­ni­ni iş­läp düz­ýär­ler. Olar 1879-njy ýyl­da re­zin­den şaý­ba ýa­sa­ýar­lar. 1885-nji ýyl­da Mon­re­al­da hö­wes­jeň hok­keý bir­le­şi­gi dö­re­dil­ýär. 1908-nji ýyl­da bu­zuň üs­tün­de oý­nal­ýan hok­keý bo­ýun­ça Hal­ka­ra fe­de­ra­si­ýa dö­re­dil­ýär. XX asy­ryň 30-njy ýyl­la­ryn­da bol­sa ABŞ-da we Ka­na­da­da iri hok­keý meý­dan­ça­la­ry gur­lup baş­lan­ýar. 1920-nji ýyl­da Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da il­kin­ji res­mi du­şu­şyk ge­çi­ril­ýär.
Sportuň bu görnüşinde dün­ýä­de 3 ýurt – Rus­si­ýa, Ka­na­da we ABŞ öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Şwe­si­ýa, Finl­ýan­di­ýa, Nor­we­gi­ýa ýa­ly döw­let­lerde hem hokkeý ösendir. Bu döw­let­le­riň te­bi­gy we ho­wa şert­le­ri spor­tuň bu gör­nü­şi­ni ös­dür­mek üçin has amat­ly­dyr.
Bi­ziň ýur­du­myz­da hem hok­keý spor­tu­na gy­zyk­lan­ma bar­ha art­ýar. Ýaş­la­ryň köpüsi spor­tuň bu gör­nü­şi bi­len gy­zyk­lan­ýar. Ýur­du­my­zyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň hem-de go­laý­da ge­çi­ri­len hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şyň ýe­ňi­ji­si bo­lan «Gal­kan» to­pa­ry­nyň dü­zü­mi ýaş­lar­dan yba­rat­dyr.
Aş­ga­bat­da­ky hok­keý ýa­ry­şy ta­mam­lan­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýa­ry­şa 10 döw­le­tiň – Bah­reýn, Be­la­rus, Eý­ran, Ga­za­gys­tan, Gyr­gy­zys­tan, Oman, Rus­si­ýa, Türk­me­nis­tan, Tür­ki­ýe we Öz­be­gis­tan ýa­ly döw­let­le­riň hok­keý to­par­la­ry gat­naş­dy­lar. Ge­çi­ri­len hal­ka­ra ýa­ry­şyň tür­gen­le­riň us­sat­lyk­la­ry­nyň, tej­ri­be­le­ri­niň art­ma­gyn­da ägirt uly äh­mi­ýe­ti bar.
Al­ty gün­läp do­wam eden ýa­ryş­da je­mi 22 du­şu­şyk ge­çi­ril­di. Şo­lar­da bir du­şu­şyk­da-da ýe­ňil­me­dik ýe­ke-täk to­par ýur­du­my­zyň en­çe­me ge­zek çem­pio­ny «Gal­kan» bol­dy. Fi­nal du­şu­şy­gy­na çen­li Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­syn­dan ge­len hok­keý­çi­ler hem ýeň­lip gör­mändi. Hal­ka­ra ýa­ryş­da ge­çi­ri­len 199 şaý­ba­nyň 49-sy­ny «Gal­ka­nyň» hok­keý­çi­le­ri ge­çi­rip, olar bu ba­bat­da hem iň ýo­ka­ry ne­ti­jä­ni gör­kez­di­ler. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, hal­ka­ra ýa­ryş­da 80-den gow­rak hok­keý­çi ta­pa­wut­lan­ma­gy ba­şar­dy.
Fi­nal du­şu­şy­gyn­da ýur­du­my­zyň do­kuz ge­zek çem­pio­ny «Gal­kan» güýç ba­ba­tyn­da de­ňe­çer «Adi­his-Ka­zan» bi­len du­şuş­dy. Ýa­ryş örän çe­ke­le­şik­li hem dart­gyn­ly bol­sa-da, «Gal­kan» ta­ta­r to­pa­ryn­dan 4:2 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­ma­gy ba­şar­dy.
Ýew­ro­pa­nyň we Azi­ýa­nyň 10 ýur­dun­dan to­par­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra hok­keý ýa­ry­şy­nyň ýa­py­lyş da­ba­ra­sy hem uly şat­lyk-şow­hu­na bes­len­di. On­da emin­le­re we ta­pa­wut­la­nan oýun­çy­la­ra baý­rak­lar gow­şu­ryl­dy. Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň «Wo­lat», Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň «Adi­his-Ka­zan» to­par­la­ry, de­giş­li­lik­de, üçün­ji we ikin­ji orun­la­ryň eýe­si hök­mün­de bü­rünç hem kü­müş me­dal­lar bi­len sy­lag­la­nyl­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň «Gal­kan» hok­keý to­pa­ry­na bol­sa ýa­ry­şyň Ku­bo­gy da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şu­ryl­dy.
Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gol çe­ken res­mi­na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, «Gal­kan» hok­keý klu­bu­nyň tür­gen­le­ri «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan sport us­sa­dy» di­ýen hor­mat­ly ada my­na­syp bol­du­lar. Şeý­le hem to­pa­ryň tä­lim­çi­le­ri­ne «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan tä­lim­çi­si» di­ýen hor­mat­ly at­la­ry da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şu­ryl­dy.
Paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len bu iri sport baý­ram­çy­ly­gy ýur­du­myz­da spor­tuň gyş­ky gör­nüş­le­ri­ni, hu­su­san-da, hok­ke­ýi ös­dür­mä­ge uly üns be­ril­ýän­di­gi­niň, bu ugur­da amat­ly şert­ler­dir müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny bo­lup, türk­men tür­gen­le­ri­niň ýo­ka­ry ne­ti­je­li sport­da bar­ha kä­mil­leş­ýän­dik­le­ri­ni no­bat­da­ky ge­zek açyp gör­kez­di.

Ezi­za­ly BA­BA­LY­ÝEW,
Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­lym-öw­re­ni­ji­si.