ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp täze guruljak federal hökümet binalarynyň ählisiniň nusgawy binagärlik usulynda gurulmagyny borçlandyrýan karara gol çekdi. Bu barada Ak Tamyň web sahypasynda habar berilýär.
“Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny esaslandyryjylar, beýik jemgyýetleriň göreldesine eýerip, federal raýat binagärligine aýratyn ähmiýet beripdirler. Olar Amerikanyň jemgyýetçilik binalarynyň amerikan halkyna ylham bermegini isläpdirler” – diýlip, kararda aýdylýar.
Şeýle hem bu resminamada “ABŞ-nyň ilkinji Prezidenti Jorj Waşingtonyň we döwlet sekretary Tomas Jeffersonyň başlangyjy bilen Waşingtonda iň möhüm binalarynyň taslamasy gadymy Afiny we Rimiň nusgawy binagärçiligi esasynda akylly-başly işlenip düzülipdir” diýlip, bellenilýär.