Holann geçiren gollary bilen brazilleri öýlerine ugratdy

5

Demirgazyk Amerikada dowam edýän 23-nji Dünýä Kubogynda 1/8 finalda güýçli ýygyndylaryň biri bolan, 5 gezek çempionlyk gazanan Braziliýa ýene bir çempionaty şowsuz tamamlady. 2014-nji ýyldan bäri iň uly başarnygy çärýek finala çykmak bolan sambaçylara bu gezek şol hem başarmady. MetLife Stadium-da Norwegiýanyň ýygyndysy bilen duşuşan Karlo Ançelottiniň şägirtleri 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy.

Oýnuň 1-nji ýarymy golsuz tamamlandy. Aslynda brazillere hasaby açmaga uly mümkinçilik boldy. Duşuşygyň 13-nji minutynda Bruno Gimaraýns penaltini dürs urup bilmedi. Onuň urgusyny 35 ýaşyndaky derwezeçi Nýulann saklamagy başardy.

Norwegiýanyň tälimçisi 2-nji ýaryma iki ganatdaky oýunçysyny çalşyp başlady. Ýagny Sörlot bilen Nusanyň ornuna Bobb bilen Şeldrup meýdança girdi. Duşuşygyň 79-njy minutynda oýna soň giren Şeldrupyň asist etmeginde Holann kelle urgusy bilen topy derwezä girizip, norwegleri öňe geçirdi. Bu goldan 11 minut soň ýene-de Şeldrupyň pasy bilen bu gezek ýerden topy batly uran Erling Holann hasaby 2-0-a ýetirdi.

Duşuşygyň 90+10-njy minutynda Neýmar Junioryň penaltiden geçiren goly brazillere ýeterlik bolmady. Neýmar Peleden soň, 4 Dünýä Kubogynda gol geçiren 2-nji futbolçy bolmagy başardy. 35 ýaşyndaky Neýmar bu duşuşykdan soň milli topardaky karýerasyny tamamlandygyny mälim etdi.

Şeýlelikde, Norwegiýanyň ýygyndysy 4-nji gezek gatnaşýan ýaryşynda ilkinji ýola çärýek finala çykdy. Braziliýa bolsa çärýek finala-da çykyp bilmän, ýene bir ýola wagtyndan iň öýüne dolandy. Braziliýanyň ýygyndysy soňky gezek 2002-nji ýylda çempion bolupdy.