Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylymly-bilimli bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edilýär. Ýurdumyzyň bilim we ylym binýadyny pugtalandyrmaga, bilim ulgamyny dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetirmäge gönükdirilen işler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzyň geljekki ösüşlerini ýaşlarda görýän hormatly Prezidentimiz ýaşlara uly ynam bildirýär. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby hem-de beýleki gymmatly eserleri ýaşlar üçin gollanma bolup hyzmat edýär. Bu eserler ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelge, durmuşyň her bir pursadynda çelgi bolup, Watana, halka hyzmat etmegiň, kämil şahsyýeti terbiýeläp ýetişdirmegiň beýik nusgasyny salgy berýär. «Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyz bilendir. Olar ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydyr. Şeýle belent adamkärçilik sypatlary bilen Watanymyzyň, türkmen halkynyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende götermelidirler» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belläp geçýär.
Hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň öňüsyrasynda çapdan çykan «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynda bolsa türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän orny giňişleýin açylyp görkezilýär. Täze kitapda öňe sürülýän ylmy esasly pikirler, pelsepewi taglymatlar, buýsançly sözler akyldar şahyrymyzyň ýakyn-alys, goňşy-garyndaş halklaryň guwanjyna öwrülen jöwher şygryýetiniň döwürleri baglanyşdyrýandygy, Magtymguly Pyragynyň külli adamzadyň belent hormat-sarpasyna mynasyp bolan beýik şahsyýetdigini ykrar edýär.
Ýaşlara uly ynam bildirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, aýdyň maksatly, beýik tutumly işleri hemişe rowaç bolsun! Watanymyzyň daýanjy ýaşlara buýsanç bilen ýüzlenýän hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan döreýän kitaplarynyň höwri köp bolsun!
Sapartäç MEREDOWA,
Aşgabat şäherindäki Hommat Müllük adyndaky 23-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.