18-nji de­kabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Halkara gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tyn­da hormatly Prezidentimiziň «Ýaş­lar – Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly ki­ta­by­nyň ýa­pon di­lin­dä­ki ne­şi­ri­niň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di.
Ge­çen ýy­lyň de­kab­ryn­da çap­dan çy­kan we türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýaş nes­li üçin mö­hüm gol­lan­ma öw­rü­len bu ki­tap da­şa­ry döw­let­ler­de hem uly gy­zyk­lan­ma eýe bol­dy. Onuň Su­ku­ba uni­wer­si­te­ti bi­len hyz­mat­daş­lyk­da ýa­pon di­li­ne ter­ji­me edil­me­gi hem mu­nuň aý­dyň gü­wä­si­dir. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň we Ýa­po­ni­ýa­nyň ara­syn­da däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň ösü­şin­de no­bat­da­ky mö­hüm äh­mi­ýet­li wa­ka bol­dy. Şeý­le hem bu ýo­ka­ry okuw mek­de­bi bi­len hyz­mat­daş­lyk­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Öm­rü­miň ma­ny­sy­nyň do­wa­ma­ty» at­ly ede­bi-fi­lo­so­fik ese­ri ter­ji­me edil­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bu ki­ta­by şu ýy­lyň ýan­wa­ryn­da ýa­pon di­lin­de çap­dan çyk­dy.
Ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy­na Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň, ýur­du­my­zyň we da­şa­ry ýurt­la­ryň dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry, ta­lyp­lar, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Çä­rä paý­tag­ty­my­za sa­par bi­len ge­len «ITOCHU Cor­po­ra­ti­on» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň di­rek­tor­lar ge­ňe­şi­niň ag­za­sy, ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji wi­se-pre­zi­den­ti, ma­şyn we en­jam­lar kom­pa­ni­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti, Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça ýa­pon-türk­men ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy Hi­ro­ýu­ki Su­ba­ýyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýe­tiň ag­za­la­ry hem ça­gy­ryl­dy.
Çy­kyş­lar­da nyg­ta­ly­şy ýa­ly, öza­ra hoş­ni­ýet­li erk-is­le­giň ne­ti­je­sin­de döw­le­ta­ra dia­log tä­ze maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­ýar. Yn­san­per­wer ul­gam däp bo­lan hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ug­ry hök­mün­de çy­kyş ed­ýär. Şun­da ylym, bi­lim, me­de­ni­ýet ul­gam­la­ryn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň köp­ýyl­lyk tej­ri­be­si we uly müm­kin­çi­lik­le­ri bar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, «Ýaş­lar – Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly ki­ta­byň ýa­pon di­lin­dä­ki ne­şi­ri «Gü­nüň dog­ýan ýur­du­nyň» oky­jy­la­ry­na ýaş ne­sil ha­kyn­da­ky hem­me­ta­rap­la­ýyn ala­da­la­ra aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýän Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry bi­len gi­ňiş­le­ýin ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň il­kin­ji ki­ta­by­nyň hut şu ug­ra ba­gyş­lan­ma­gy Wa­ta­ny­my­zyň da­ýan­jy bo­lan ýaş­lar ba­ra­da edil­ýän ta­gal­la­nyň aý­dyň gör­ke­zi­ji­si­dir.
Şeý­le-de çy­kyş­lar­da bi­lim ul­ga­myn­da soň­ky ýyl­lar­da tä­ze ösü­şe we maz­mu­na eýe bol­ýan türk­men-ýa­pon hyz­mat­daş­ly­gy­na aý­ra­tyn üns be­ril­di. Ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri, şol san­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty, Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti bi­len Ýa­po­ni­ýa­nyň öň­de­ba­ry­jy bi­lim ojak­la­ry­nyň ara­syn­da ýo­la goý­lan ýa­kyn gat­na­şyk­lar mu­ňa aý­dyň my­sal­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň kä­bi­rin­de ýa­pon di­li­niň öw­re­dil­ýän­di­gi bel­lär­lik­li­dir.