13-14-nji maýda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi bilen bilelikde guramagynda howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahaty geçirildi. Bu çäre dialog üçin möhüm meýdança bolup, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Merkezi Aziýa sebitinden alymlary, bilermenleri we hünärmenleri, BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň agzalaryny bir ýere jemledi.

Çä­rä­niň açy­lyş da­ba­ra­syn­da çy­kyş eden­ler ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly me­se­le­le­ri çöz­mek­de top­lum­la­ýyn çe­me­leş­mä­niň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çek­di­ler. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş­mek dur­nuk­ly ösüş me­se­le­le­ri bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­bat­da ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry mil­li ösüş me­ýil­na­ma­la­ry­na, oba we suw ho­ja­ly­gyn­da, ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan stra­te­gi­ýa­la­ra or­naş­dyr­mak üs­tün­li­giň wa­jyp şer­ti­dir. «Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça se­bit­le­ýin we mil­li sy­ýa­sat: ýe­ti­len sep­git­ler we öň­de du­ran we­zi­pe­ler» at­ly umu­my mej­lis­de Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň Se­bit­le­ýin eko­lo­gi­ýa mer­ke­zi­niň ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça se­bit­le­ýin bi­ler­me­ni W.Greb­new bu mö­hüm stra­te­gik ugur­da dür­li pi­kir-ga­ra­ýyş­ly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ta­rap­la­ryň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň uzak möh­let­le­ýin, ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­gyň esa­sy şer­ti bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.
Mas­la­hat öz işi­ni «Mer­ke­zi Azi­ýa­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly çä­re­le­ri ma­li­ýe­leş­dir­mek: se­bit­le­ýin we mil­li çe­me­leş­me­ler», «Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar we hyz­mat­daş­lyk» at­ly bö­lüm­çe­ler­de do­wam et­di. Ola­ra gat­na­şan­lar ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly me­se­le­le­ri ma­li­ýe­leş­dir­mek, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­bat­da Mer­ke­zi Azi­ýa­da ýü­ze çyk­ýan tö­wek­gel­çi­lik­le­ri do­lan­dyr­mak, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň bu ugur­da­ky ta­gal­la­la­ry we baş­lan­gyç­la­ry, gid­ro­lo­gik he­läk­çi­lik­le­riň öňü­ni al­mak üçin ser­he­tüs­ti duý­du­ryş ul­ga­my bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Çy­kyş­lar­da nyg­ta­ly­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan­da to­kaý gi­ňiş­lik­le­ri­ni dö­ret­mek, ýer­le­riň su­wa­ry­ly­şy, Ara­ly ha­las et­mek, çöl­leş­mä gar­şy gö­reş­mek ýa­ly eko­lo­gik me­se­le­ler döw­let de­re­je­sin­de üs­tün­lik­li çö­zül­ýär, her ýyl­ky ekil­ýän mil­li­on­lar­ça na­ha­lyň ha­sa­by­na ýur­du­myz­da ýa­şyl zo­lak­la­ryň ge­ri­mi gi­ňe­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Äh­lu­mu­my me­tan borç­na­ma­sy­na go­şul­ma­gy döw­le­ti­mi­ziň hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň çöz­gü­di­ni tap­ma­ga jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­ýän­di­gi­niň aý­dyň gü­wä­si­dir. Çy­kyş eden­ler ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan çä­re­le­ri ma­li­ýe­leş­dir­me­giň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aýt­mak bi­len, «ýa­şyl» ma­ýa go­ýu­my çek­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di­ler. Ma­li­ýe­leş­dir­me­giň umu­my gu­ral­la­ry­ny ke­ma­la ge­tir­mek ba­bat­da se­bit de­re­je­sin­de de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bi­le­lik­dä­ki gaz­na­la­ry dö­ret­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly me­se­le­le­re hal­ka­ra de­re­je­de ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­ni çek­mek, hu­su­sy ma­ýa go­ýum­la­ry ser­he­tüs­ti «ýa­şyl» tas­la­ma­la­ra goý­ma­ga hö­wes­len­dir­mek baş­lan­gyç­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan me­se­le­le­riň ha­ta­ryn­da bol­dy.
Fo­ru­myň çäk­le­rin­de «Mer­ke­zi Azi­ýa­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly ma­li­ýe­leş­di­riş bo­ýun­ça stra­te­gi­ýa­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak üçin in­no­wa­si­on gu­ral­lar», «Ýa­şyl» köp­ri baş­lan­gy­jy: Pa­riž yla­la­şy­gy bo­ýun­ça mil­li de­re­je­de kes­git­le­nen go­şant­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ni tiz­leş­dir­mek we güýç­len­dir­mek üçin in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar», «Mer­ke­zi Azi­ýa­da jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri­niň we ýaş­la­ryň ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­bat­da he­re­ket­le­ri», «Bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa­da mö­hüm land­şaft­la­ry di­kelt­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­sy­nyň se­bit­le­ýin ut­gaş­dy­ry­jy mas­la­ha­ty» ýa­ly ugur­daş bö­lüm­çe­ler­de mej­lis­ler ge­çi­ril­di. Olar­da eko­lo­gik aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­me­giň, tu­tuş adam­zat üçin wa­jyp bo­lan ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ýa­ly me­se­lä­ni çöz­mek bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň, bi­le­lik­dä­ki çä­re­le­ri iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Mej­lis­le­re gat­na­şy­jy­lar daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, dur­nuk­ly ösüş, bi­le­lik­de suw se­riş­de­le­ri­ni do­lan­dyr­mak, äh­lu­mu­my ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne uý­gun­laş­mak ýa­ly ugur­lar­da se­bit we hal­ka­ra de­re­je­de hyz­mat­daş­lyk et­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar. Dur­muş-yk­dy­sa­dy döw­let mak­sat­na­ma­la­ry bi­len ýa­kyn ara­bag­la­ny­şy­gy bo­lan te­bi­ga­ty go­ra­ma­ga de­giş­li mil­li stra­te­gi­ýa­la­ra syn be­ril­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Mer­ke­zi Azi­ýa üçin ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly tas­la­ma­la­ry ma­li­ýe­leş­dir­mek­de tä­ze­çil çe­me­leş­me­ler ze­rur­dyr. Ola­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy goş­ma­ça ma­ýa se­riş­de­le­ri­ni çek­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer we se­bi­tiň dur­nuk­ly ösü­şi­ni çalt­lan­dy­rar. Şeý­le-de suw ýet­mez­çi­li­gi, top­ra­gyň ýa­ra­maz­laş­ma­gy, ho­wa ha­dy­sa­la­ry­nyň kö­pel­me­gi ýa­ly se­bit­de ýü­ze çyk­ýan mö­hüm me­se­le­le­re üns çe­kil­di.
Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň hem-de dur­nuk­ly ösü­şiň öza­ra bag­la­ny­şy­gy ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan wa­jyp me­se­le­le­riň bi­ri bol­dy. Şun­da dur­muş-yk­dy­sa­dy me­ýil­na­ma­laş­dyr­ma­gyň äh­li ul­gam­la­ry­na ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly me­se­le­le­riň gi­ri­zil­me­gi­niň ze­rur­dy­gy nyg­tal­dy. Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar se­bit­de dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek üçin ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­bat­da tö­wek­gel­çi­lik­le­ri ha­sa­ba al­ma­gyň we eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ösüş nus­ga­la­ry­na geç­me­giň mö­hüm­di­gi­ni tas­syk­la­dy­lar.
Mas­la­ha­t soň­ky gü­nün­de «Mer­ke­zi Azi­ýa­da land­şaft­la­ryň ser­he­tüs­ti di­kel­di­li­şi», «Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça se­bit­le­ýin gün ter­ti­bi­ni iler­let­mek we Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da­ky Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­na gat­na­şy­jy ta­rap­la­ryň 30-njy mas­la­ha­ty­na taý­ýar­lyk» ýa­ly bö­lüm­çe­ler­de öz işi­ni do­wam et­di.