Halkara Pul Gaznasy (HPG) 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgininiň 3 göterime çenli peselmegine, emma 2027-nji ýylda bolsa bu görkezijiniň tizlik bilen durnuklaşyp, 3,4 göterime çenli ýokarlanmagyna garaşylýandygyny mälim etdi. Gaznanyň neşir eden «Bütindünýä ykdysadyýetiniň ösüş geljegi» atly hasabatynyň iýul aýyndaky sanynda görkezilişi ýaly, garaşylýan ykdysady ösüş 2024-2025-nji ýyllarda hasaba alnan ortaça 3,5 göterimlik görkezijiden pes bolsa-da, ol şu ýylyň aprel aýyndaky çaklamalar bilen doly laýyk gelýär.
Maliýe guramasynyň bilermenleri Ýakyn Gündogardaky geosyýasy ýagdaýlaryň we parahatçylyga abanýan wehimleriň dünýä ykdysadyýetine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň bardygyny belleýärler. Muňa garamazdan, emeli aň tehnologiýalarynyň durmuşa işjeň ornaşdyrylmagy hem-de bu ugurdaky sarp ediş isleginiň artmagy netijesinde, ählumumy tehnologik döwrüň çaltlanmagy global ykdysady haýallamanyň öňüni almaga hem-de durnuklylygy gorap saklamaga mümkinçilik berýär.