Mälim bolşy ýaly, hususy pudagyň öňünde goýlan esasy wezipeleriň biri hem eksport ugurly önümçiligi ösdürmekdir. Häzirki döwürde bu wezipe üstünlikli ýerine ýetirilip, daşary ýurt bazarlary hem özleşdirilýär. «Türkmenistanda öndürildi» ýazgyly harytlaryň daşary ýurtlara ugradylýan möçberi barha artýar. Milli işewürlerimiz dürli ugurlarda daşary ýurtly bäsdeşleriniňkiden kem bolmadyk önümleridir hyzmatlary bilen dünýä bazarlarynda mynasyp orun aldylar. Munuň özi ykdysadyýetimiziň has-da rowaçlanmagyna ýardam edýär.
Häzirki döwürde telekeçilik işi gurluşyk senagatynda hem netijeli ugurlaryň birine öwrüldi. Türkmen gurluşykçylary milli binagärlik däplerimiz esasynda binalaryň, desgalaryň taslamalaryny taýýarlamakda we gurluşygyny alyp barmakda, şeýle-de gurluşyk serişdelerini öndürmekde uly üstünlikleri gazanýarlar. Ýerli kärhanalar iri gurluşyk taslamalaryny, häzirki zaman edara binalaryny, ýaşaýyş toplumlaryny, önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly iri desgalary gurmakda dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryny işjeň özleşdirýärler. Täzeçil tehnologiýalardan, nou-haulardan, sanly ulgamdan, umuman, dünýäniň öňdebaryjy tejribesinden peýdalanylyp gurulýan desgalar döwletimiziň kuwwatlylygynyň nyşany bolup, onuň halkara abraýyny has-da belende göterýär. Şular ýaly beýik üstünliklerde hususy pudagyň hem mynasyp paýynyň bolmagy juda guwandyryjydyr.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň senagat we himiýa önümçiligi bilen meşgullanýan agzalarynyň sany 1500-e golaýlaýar. Olar täze, döwrebap önümçilik kärhanalarynyň ençemesini gurup, üstünlikli dolandyryp döwlete dahylsyz ulgamyň kuwwatly senagat binýadyny döretdiler. Munuň özi täze iş orunlarynyň döredilmegine-de oňyn täsirini ýetirýär.
Häzirki wagtda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan azyk we oba hojalyk önümlerini öndürýän telekeçiler ýurdumyzyň agrar pudagyny ösdürip, azyk bolçulygyny artdyrmaga uly goşant goşýarlar. Oba hojalykçy telekeçilerimiz bazarlarymyzy mal, guş etleri, balyk we balyk önümleri, ýumurtga, süýt we süýt önümleri, şöhlat, konditer, çörek we çörek önümleri, agyz suwy, alkogolsyz içgiler hem-de miwe şireleri, ösümlik ýagy, bugdaý, pagta, gök-bakja, azyklyk däneleri, miweler we üzüm, gaplanan önümler, ary baly, nahar duzy bilen doly üpjün edýärler.
Salina BAGTYÝAROWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.