2023-nji ýy­lyň 1-nji no­ýab­ryn­dan bä­ri Hy­ta­ýyň ser­he­din­den ge­çi­len­de hök­ma­ny sag­lyk ke­pil­na­ma­sy­ny dol­dur­mak ze­rur­ly­gy ara­dan aý­ryl­dy. Bu ba­ra­da «Sin­hua» agent­li­gi ha­bar ber­di.
«Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş güm­rük mü­dir­li­gi 2023-nji ýy­lyň 1-nji no­ýab­ryn­dan baş­lap ýur­da gel­ýän­ler, şeý­le-de gid­ýän sy­ýa­hat­çy­lar üçin sag­lyk ýag­da­ýy­nyň be­ýa­ny bo­lan res­mi­na­ma bi­len bag­la­ny­şyk­ly ta­lap­la­ryň ýa­ty­ry­lan­dy­gy­ny mä­lim ed­ýär» — diý­lip, şol ha­bar­da aý­dyl­ýar.
Mu­ňa ga­ra­maz­dan, adam­lar ýo­kanç ke­sel­le­riň — gyz­zyr­ma­nyň, üs­gü­le­wü­giň we iç­geç­mä­niň ala­mat­la­ry ýü­ze çy­kan ýag­da­ýyn­da meý­le­tin ha­bar ber­me­li­dir­ler. Şeý­le-de, Teh­ni­ki uni­wer­si­te­tiň ha­ba­ryn­da «Be­de­niň tem­pe­ra­tu­ra­sy­ny öl­çe­mek, epi­de­mio­lo­gi­ki göz­den ge­çir­mek üçin we beý­le­ki sa­ni­ta­ri­ýa hem-de ka­ran­tin çä­re­le­ri wag­tyn­da güm­rük eda­ra­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk ediň!” — di­ýil­ýär.
Epi­de­mi­ýa se­bäp bo­lup bil­jek howp­ly ke­sel­le­re du­çar bo­lup, ka­ran­tin­den ga­çan ta­rap­lar bol­sa je­na­ýat jo­gap­kär­çi­li­gi­ne çe­ki­lip bi­li­ner.