Hytaý Ýeriň orbitasynda gurlugy dowam edýän stansiýasyna gitjek ilkinji kosmonawtlaryň saýlanyp alnandygyny mälim etdi. Ne Haýşen, Lýu Bomin we Tang Hongbo 24 sagadyň dowamynda ýurduň demirgazygyndaky Gobi çölünde ýerleşýän kosmodromdan uçurylar. “Xinhua” agentliginiň habaryna görä, Hytaýyň adamly kosmos programmasy agentliginiň (CMSA) ýokary derejeli ýolbaşçysy Ýang Liweý “Shenzhou-12” missiýasynyň çäklerinde kosmosa iberiljek 3 adamlyk ekipažy köpçülige tanyşdyrdy. Olar Ýeriň orbitasynda entek doly gurlup gutarylmadyk beketde üç aýlap bolarlar. Ekipaža ýolbaşçylyk etjek Ne Haýşen 2005-nji ýylda Ýeriň orbitasyna çykan “Shenzhou-12” hem-de 2013-nji ýylda synag maksady bilen döredilen kosmos laboratoriýasy “Tiengong-1”-e birigen “Shenzhou-10” gämisinde bolupdy. Ikinji kosmos uçuşyndan soňra oňa Gahryman ady berlipdi. Lýu Bomin bolsa hytaýly kosmonawtlaryň ilkinji açyk asmana çykan “Shenzhou-7” missiýasyna gatnaşypdy. 2010-njy ýylda kosmonawtlaryň hataryna goşulan Tang Hongbo bolsa ilkinji gezek kosmosa çykar. “Shenzhou-12” kosmos gämisi ertir ýerli wagt bilen 09:22-de kosmosa uçurylar.
Hytaý üç moduldan ybarat bolan kosmos bekedini 2022-nji ýylda çenli gurup gutarmagy maksat edinýär. Bu beket esasy moduldan, iki sany laboratoriýadan we bir sany kosmos teleskopyndan ybarat bolar. Bu bekediň ölçegleri Russiýanyň ozalky “Mir” kosmos stansiýasynyňka deňeçer. Hytaý şu ýylyň 29-njy aprelinde bekediň esasy bölegini kosmosa iberipdi. 29-njy maýda bolsa, bu bekede dürli enjamlar iberilipdi. Bekediň gurluşygynyň tamamlanmagy üçin dört gezek adamly, dört gezek ýük gatnawy ýerine ýetiriler.