Hytaýyň ýeňil awtoulag assosiasiýasynyň (CAAC) baş sekretary Suý Dunşu Hytaýyň dünýäniň awtoulag satuw bazaryndaky paýynyň artandygyny habar berdi.
“Hytaýyň dünýä awtoulag satuw bazaryndaky paýy 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda 38 göterime ýetdi, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 1% ýokarydyr. Degişli döwürde 3,3 million awtoulag satyldy” diýip, Dunşu aýtdy.
Şu ýylyň ýanwaryndan oktýabr aýyna çenli dünýä satuwy geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 6% ýokary bolup, jemi 79,25 million awtoulag satyldy. Olardan Hytaýyň paýyna bazaryň 34,9 göterimden gowragy (27,65 million) düşdi, bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 12% köpdür.