2025-nji ýylda Hytaýda çaga dogluşy müňden 5,63-e düşüp, hasabyň ýöredilip başlanan 1949-njy ýylyndan bäri rekord derejede az boldy. Ýurduň Milli statistika edarasy ilatyň ýagdaýy barada maglumat ýaýratdy. Hytaýyň gury ýer böleginiň ilaty 2024-nji ýylda 1 milliard 408 million 280 müň bolan bolsa, geçen ýyl 1 milliard 404 million 890 müňe düşüpdir. Şeýlelikde bir ýylda ilat sany 3,39 million adam azalypdyr. Ýurduň ilaty 2022-nji ýyldan bäri yzgiderli azalýar.
Geçen ýyl ýurtda 7,92 million bäbek dünýä inipdir. Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan (9,54 million) 16,9 göterim pes bolupdyr.
Tamamlanan ýylda 11,31 million adam dünýesini täzeläpdir. Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan (10,93 million) 3,4 göterim köpdür.
Ýurduň ilatynyň 716,85 millionyny erkekler, 688,04 millionyny zenanlar emele getirýär.
Ýaş toparlaryna görä tapawutlandyrylanda, ýurtda zähmete ukyply ýaş hasap edilýän 16-59 ýaş aralygynda 851,36 million adam bar. Olar ilatyň 60,6 göterimini emele getirýär. 60 ýaşdan ýokary ilat 323,38 million bolup, ilatyň 23 göterimini düzýär.
Pensiýa ýaşyna ýeten 65 ýaşdan ýokary ilat bolsa, 223,65 million bolup, umumy ilatyň 15,9 göterimini emele getirýär.
Ýurtda şäher ilaty 2025-nji ýylda 10,3 million adam artyp, 953,8 milliona ýetdi. Oba ýerde ýaşaýanlaryň sany 13,69 million azalyp, 451,09 million bolupdyr. Şäher ilaty 67,89 göterim, oba ilaty 32,11 göterim bolupdyr.