Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine hytaý diline, taryhyna we medeniýetine degişli okuw edebiýatlarynyň 190 nusgasyny gowşurdy. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Okuw edebiýatlarynyň düzümine dürli derejeli taýýarlygy bolan talyplar üçin niýetlenen okuw kitaplary, sözlükler we tematiki neşirler girýär.
Gowşurlan neşirleriň arasynda Si Szinpiniň hytaý we rus dillerindäki «Döwlet dolandyryşy barada» atly dört jiltlik kitaby, häzirki zaman Hytaýynyň syýasy ulgamy baradaky seljerme işleri, şol sanda «Hytaý ulgamy: täze eýýamda Hytaýy dolandyrmak» we «Hytaýyň reformalar eýýamynyň şaýady: 40 adamyň hekaýaty» atly kitaplar bar. Toplumyň uly bölegini maşklar we audio materiallar bilen üpjün edilen, başlangyç, orta we ýokary derejeler üçin niýetlenen «Häzirki zaman hytaý dili» okuw kitaplarynyň toplumlary düzýär.
Kitaphananyň täze goşundylarynyň arasyna halkara HSK (Hànyǔ Shuǐpíng Kǎoshì) synagynyň ähli alty derejesi üçin rus diline terjime edilen ýöriteleşdirilen ýygy-ýygydan ulanylýan sözlükler, «Sinhowa iýeroglifler sözlügi», frazeologik we tematiki sözlükler hem girdi. Toplumyň aýry-aýry bölümini Hytaýyň medeni mirasy baradaky neşirler, şol sanda nusgawy ýygyndylar, çeper eserler, hytaý poeziýasy, çaý medeniýeti, geografiýasy we däp-dessurlary baradaky kitaplar düzdi.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda hytaý dilini öwrenmäge has köp ýykgyn edilýär.
PDF









