Dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýurdy bolan Hytaýyň milli statistika býurosy geçen ýyl 5,2 göterim ösüş gazanylandygyny mälim etdi. Ýurduň hökümeti bu görkezijiniň 5 ýyllyk bolmagyny meýilleşdiripdi. Şeýlelikde, 2023-nji ýyldaky ösüş garaşylandan birneme ýokary boldy. Ýurduň ykdysadyýeti 2022-nji ýylda pandemiýa sebäpli 3 göterim ösüpdi. Bu bolsa pandemiýanyň ýurduň ykdysadyýetine täsiriniň görnetin azalandygyny görkezýär. Hytaýyň senagat önümçiligi geçen ýyl 2022-nji ýyldakydan 4,6 göterim, sarp ediş harytlarynyň bölek söwdasy 7,2 göterim artypdyr. 2022-nji ýylda 120,4 trillion ýuan (17,01 trillion dollar töweregi) bolan jemi içerki önüm, geçen ýyl 126,06 trillion ýuana (17,71 trillion dollar) ýetipdir.
Ýylyň soňky üç aýynda bolsa 5,1 göterim ösüş hasaba alnypdyr. Birinji çärýekde 4,5 göterim, ikinji çärýekde 6,3 göterim, üçünji çärýekde 4,9 göterim ösüş gazanylypdyr.
Şahan TOÝLYMUHAMMEDOW, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









