Günorta Koreýanyň “Hyundai” kompaniýasy öndürýän elektroulaglarynyň batareýasynyň önümçiligini ýola goýmak üçin täze zawodlar gurar. Kompaniýa munuň üçin “LG Energy Solution” we “SK On” şereketleri bilen hyzmatdaşlyk eder. Koreý brendi ABŞ-da elektroulag öndürijileri üçin döredilen ýeňillikden peýdalanyp, bu ýurtdaky önümçiligini artdyrýar. “Kia” brendine hem eýeçilik edýän kompaniýa Jorjiýa ştatynda elektroulag zawodynyň düýbüni tutdy. Şeýle hem kompaniýa üç sany batareýa zawodyny gurar. Awtoulag zawodynyň golaýynda “LG Energy Solution” bilen bilelikde her biri 35 GW/sagat kuwwaty bolan batareýa önümçilik desgalaryny gurar. Bu zawodlarda peýdalanyljak çig malyň 40 göterimi we komponentleriniň 50 göterimi ABŞ-dan ýa-da ABŞ bilen erkin söwda şertnamasy bolan ýurtlardan üpjün ediler. “LG Energy Solution” “General Motors” kompaniýasyny hem elektroulag batareýalary bilen üpjün edýär. Şeýle hem koreý brendi “SK On” şereketi bilen bahasy 2 milliard dollar barabar bolan ýene bir zawod gurar. Önümçilik kuwwaty 20 GW/sagat boljak bu zawodyň 2026-njy ýylyň başynda işe girizilmegi göz öňünde tutulýar.

Ysmaýyl Ýazlyýew, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby