Beýik Britaniýanyň paýtagty Londonda bir asyr töweregi ozal gurlan kömür bilen işleýän elektrik bekediniň diňinde aýyk lift guruldy. “Ralph Appelbaum Associates” kompaniýasy tarapyndan döredilen bu taslama şäheriň gözeliklerini ýokardan synlamaga mümkinçilik berýär. Derýanyň kenaryna golaý ýerleşýän “Battersea” atly köne desga Ýewropanyň iň uly kerpiç binasy hasaplanýar. Şäheriň ýolbaşçylary bu taryhy binany ýykmagyň deregine ony has döwrebaplaşdyryp, gowy maksatlar üçin peýdalanmagy makul bilipdirler. Şeýlelikde, köne desganyň tüsseçykarynyň içiden lift gurlupdyr. Beýikligi 109 metre barabar bolan döwrebaplaşdyrylan desganyň ýokarsynda daşy aýna çarçuwaly synlaýyş diňi gurlupdyr. Köne elektrik bekediniň beýleki ýerleri hem döwrebaplaşdyrylyp, interaktiw obýektler we özboluşly eksponatlar bilen bezelipdir. Şeýle hem, bu ýerde geçen asyrda elektrik energiýasynyň nähili öndürilendigi barada maglumat berýän suratlar ýerleşdirilipdir. Muzeýe girmek üçin biletiň bahasy, takmynan, 19 dollar bolar.

Durdymuhammet Baýmuhammedow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.