Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Günorta Koreýanyň awtoulag öndürijisi “Hyundai Motor” dünýäniň wodorod awtoulag bazaryndaky paýy we satuw mukdary boýunça birinji orny eýeledi. Şeýle maglumatlar “SNE Research” gözleg kompaniýasy tarapyndan berildi. Bu döwürde dünýä bazaryndaky jemi satuw 12407 wodorod ýangyç elementli ulag bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,8% köpeldi. “Hyundai Motor” 7,410 awtoulag satdy. Bu görkeziji 26,2% ýokarlandy. Kompaniýanyň paýy 52,4%-den 59,7%-e çenli ýokarlandy. Geçen ýyl olaryň dünýä bazary, takmynan, iki esse ösdi, ýöne şu ýyl elektroulaglaryň täze modelleriniň çykmagy sebäpli ösüş depgini peseldi.