Sürüjisiz uçýan taksi Parižde ilkinji syýahatyna çykdy

93

Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty Pa­riž­de elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän sü­rü­ji­siz di­ku­çar il­kin­ji ge­zek ada­ty ho­wa gat­na­wyn­da uç­dy. Ger­ma­ni­ýa­nyň “Volocop­ter” kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ön­dü­ri­len ho­wa gä­mi­si­niň 2024-nji ýyl­da tä­jir­çi­lik mak­sat­ly önüm­çi­li­gi­niň ýo­la go­ýul­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Se­kiz per­li, beý­le­ki uç­ýan tak­si­ler­den has uly bo­lan ho­wa gä­mi­si şä­he­riň ete­gin­dä­ki Pon­tu­zas-Kor­meý ae­ro­por­tun­dan bir ýo­lag­çy bi­len ho­wa gö­te­ril­di. Sy­nag wag­tyn­da ae­ro­port­da­ky beý­le­ki ho­wa gä­mi­le­ri hem ada­ty uçuş­la­ry­ny do­wam et­dir­ýär­di.
Sy­nag uçar­ma­ny Pol Ston uçar­man­syz ho­wa gä­mi­si­niň san­ly gö­zeg­çi­lik ul­ga­my­nyň hem-de bir­nä­çe pe­ri­niň bol­ma­gy­nyň uçu­şyň ada­ty di­ku­çar­lar­dan has aň­sat bol­ma­gy­na ge­tir­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
“Volocop­ter”-iň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Dirk Hok gel­jek 18 aýyň do­wa­myn­da ho­wa gä­mi­si­ne de­giş­li yg­ty­ýar­na­ma al­ma­ga gi­riş­jek­dik­le­ri­ni mä­lim et­di. 2024-nji ýyl­da To­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň Pa­riž­de ge­çi­ril­jek­di­gi­ni bel­län Hok, şol hal­ka­ra sport çä­re­sin­de tä­jir­çi­lik mak­sat­ly gys­ga uçuş­la­ra baş­la­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýän­dik­le­ri­ni aýt­dy.
Aw­tou­lag we uçar ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­lar ki­çi göw­rüm­li uç­ýan ho­wa gä­mi­le­ri­niň gel­je­gi­ne ýo­ka­ry ba­ha be­rip, bu ug­ra köp muk­dar­da ma­ýa go­ýum gö­nük­dir­ýär­ler.

Gah­ry­man We­li­ýew, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by