Dünýä boýunça kompaniýalaryň we ýurtlaryň ykdysady ýagdaýyna baha berýän maliýe edarasy “Standard Poors” (SP) Beýik Britaniýanyň “IHS Markit” kompaniýasyny 44 milliard dollara satyn aldy. “IHS Markit” müşderilerini maliýe maglumatlary bilen üpjün edýär. Agzalýan ylalaşyk tamamlanyp barýan ýylyň iň uly möçberli şertnamasy bolar. Iki kompaniýa tagallalaryny birleşdirenden soňra her bir “IHS Markit” paýnamasy “S&P Global”-yň 0.2838 paýnamasyna deň bolar. Ylalaşyk güýje girenden soňra “IHS Markit” kompaniýasynyň paýdarlary ulalan kompaniýanyň 32,25 göterimine, “S&P Global”-yň paýdarlary 67,75 göterimine eýe bolar.

“S&P Global”-yň ýolbaşçysy Duglas Peterson täze kompaniýa ýolbaşçylyk eder. “IHS Markit”-yň ýolbaşçysy Lans Uggla kompaniýanyň ýörite maslahatçysy bolar. Uggla ylalaşygyň iki kompaniýanyň ukyplaryny birleşdirip, müşderilere hödürlenýän hyzmaty çaltlaşdyrjakdygyny aýdýar. Bilelikdäki kompaniýanyň howanyň özgermegi, täze energiýa çeşmelerine geçiş, hususy emläkler, kiçi we orta derejeli kärhanalar, töwekgelçiligi dolandyrmak, üpjünçilik zynjyry, söwda we alternatiw maglumatlar ýaly ugurlarda iş alyp barar.