Çe­hi­ýa­da 13-14-nji ýan­war­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň bi­rin­ji tap­gy­ry­nyň ne­ti­je­le­rin­den soň, Petr Pa­wel we Çe­hi­ýa­nyň öň­ki Prem­ýer-mi­nist­ri, ANO sy­ýa­sy he­re­ke­ti­niň li­de­ri, And­reý Ba­biş 27-28-nji ýan­war­da ge­çi­ril­jek saý­law­la­ryň ikin­ji tap­gy­ra çyk­dy­lar. Saý­law uças­tok­la­ry­nyň 100 gö­te­ri­min­de ses­ler sa­na­lan­dan soň, Pa­we­liň 35,39% se­se, Ba­bi­şiň bol­sa, 35% se­se eýe bo­lan­dy­gy bel­li bol­dy. Şeý­le­likj­de, NA­TO-nyň har­by ko­mi­te­ti­niň öň­ki baş­ly­gy Petr Pa­wel Çe­hi­ýa­da ge­çi­ri­len pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­di. Bi­rin­ji tap­gyr­da ýe­ňiş ga­zan­mak üçin da­laş­gä­riň azyn­dan 50%-niň ses al­ma­gy esa­sy şert­le­riň bi­ri­di. Bi­rin­ji tap­gy­ra saý­law­la­ra gat­na­şan­la­ryň sa­ny 68,24%-e deň bol­dy.
Tak­my­nan 10,6 mil­li­on ila­ty bo­lan ýurt­da 8,3 mil­li­on saý­law­çy­nyň ses ber­mä­he hu­ku­gy bo­lup, 14 857 saý­law uças­to­gy dö­re­dil­di. Hä­zir­ki saý­law­lar, Çe­hi­ýa­nyň ta­ry­hyn­da döw­let baş­tu­ta­ny­nyň üçün­ji gö­ni we umu­my saý­law­la­ry­dyr. Bu gör­nüş­dä­ki saý­law­lar il­kin­ji ge­zek 2013-nji ýyl­da ge­çi­ril­di. On­dan öň pre­zi­dent par­la­ment ta­ra­pyn­dan saý­lan­ýar­dy.
Petr Pa­wel 1961-nji ýy­lyň 1-nji no­ýab­ryn­da Çe­hi­ýa­nyň gün­ba­ta­ryn­da­ky Pla­na şä­he­rin­de har­by maş­ga­la­da dün­ýä in­di. Har­by ugur­dan bi­lim alan Petr Pa­wel bir­nä­çe da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni bil­ýär. Pa­wel li­be­ral bo­lup, Ýew­ro­pa­ny gol­da­ýan sy­ýa­sat­çy­la­ryň bi­ri­dir. Ol Çe­hi­ýa­nyň Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za­ly­gy­nyň öz ýur­dy üçin ze­rur we peý­da­ly­dy­gy­ny öňe sür­ýär.
Slo­wak mil­le­tin­den bo­lan And­reý Ba­biş 1954-nji ýy­lyň 2-nji sent­ýab­ryn­da Bra­tis­la­wa­da ozal­ky Çe­hos­lo­wa­ki­ýa­nyň da­şa­ry söw­da gu­ra­ma­sy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li iş­gä­ri­niň maş­ga­la­syn­da dün­ýä in­di. Ol Bra­tis­la­wa­da­ky Yk­dy­sa­dy­ýet uni­wer­si­te­ti­ni da­şa­ry söw­da bö­lü­mi­ni ta­mam­la­dy. Ol 1989-njy ýyl­da Pra­ga­da iş­läp baş­la­dy. Trans­mil­li ag­ro­hol­din­giň eýe­si And­reý Ba­biş Çe­hi­ýa­nyň iň gurp­ly ra­ýat­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, baý­ly­gy 75 mil­liard kron (tak­my­nan 3,5 mil­liard dol­lar) diý­lip çak­la­nyl­ýar. Ol 2014-nji ýy­lyň ýan­war aýyn­dan 2017-nji ýy­lyň maý aýy­na çen­li ma­li­ýe mi­nist­ri we Çeh hö­kü­me­ti­niň baş­ly­gy­nyň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry bol­dy. Ol 2017-nji ýy­lyň de­kab­ryn­dan 2021-nji ýy­lyň de­kab­ry ara­ly­gyn­da Çe­hi­ýa­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­ne baş­lyk­lyk et­di.
Hä­zir­ki pre­zi­dent Mi­los Ze­ma­nyň yg­ty­ýar­lyk­la­ry mart aýyn­da gu­ta­rar. Ol bu we­zi­pä­ni 2013-nji ýyl­dan bä­ri eýe­läp gel­ýär. Ze­man saý­law­lar­da iki ge­zek ýe­ňiş ga­zan­dy. Kons­ti­tu­si­ýa oňa gaý­ta­dan saý­lan­ma­ga yg­ty­ýar ber­me­ýär. Oňa par­la­men­tiň ag­za­la­ry­ny tek­lip et­mek, par­la­men­ti ýa­tyr­mak, ka­nun­la­ra we­to ber­mek ýa­ly aý­ra­tyn yg­ty­ýar­lyk­lar be­ril­ýär. Şeý­le hem, Çe­hi­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­ni we hö­kü­me­tiň ag­za­la­ry­ny bel­le­ýär.