21-nji no­ýabr­da Çi­li­de ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da sag­çy Res­pub­li­kan par­ti­ýa­nyň da­laş­gä­ri Ho­se An­to­nio Kast hem-de «Men mer­te­bä­ni gol­da­ýa­ryn» at­ly çep­çi koa­li­si­ýa­nyň we­ki­li Gab­ri­el Bo­rik ikin­ji tap­gy­ra çyk­dy­lar. Bu ba­ra­da ýur­duň Saý­law gul­lu­gy ses­le­riň 100 gö­te­ri­mi­ni sa­nan­dan soň­ra mä­lim et­di.
Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da Ho­se An­to­nio Kast 27,99% se­se eýe bo­lup, öň­de bar­ýar. Çep­çi koa­li­si­ýa­sy­nyň da­laş­gä­ri Gab­ri­el Bo­rik saý­law­çy­la­ryň 25,67% se­si­ne eýe bolup, ikinji orny eýeledi. Üçün­ji or­ny bol­sa, 13% bi­len Fran­ko Pa­ri­si eýe­le­di.
Çi­li­niň ka­nun­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, saý­law­la­ryň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da ýe­ňiş ga­zan­mak üçin da­laş­gär­le­riň 50%-den gow­rak ses al­ma­gy esa­sy şert bo­lup dur­ýar. Ýö­ne hä­zir­ki saý­law­lar­da da­laş­gär­le­riň hiç bi­ri­si­niň ga­za­nan ses­le­ri 50%-e ýet­män­soň Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň ikin­ji tap­gy­ry­nyň 19-njy de­kabr­da ge­çi­ril­jek­di­gi mä­lim edil­di. Ýur­duň hä­zir­ki döw­let baş­tu­ta­ny Se­bas­ti­an Pi­ne­ra­nyň bu saý­law­la­ra gat­naş­ma­ýan­dy­gy ha­bar be­ril­ýär.
Da­laş­gär Ho­se An­to­nio Kast kon­ser­wa­tiw sy­ýa­sat­çy­la­ryň bi­ri­dir. Kast sal­gyt ýü­kü­ni azalt­ma­gy tek­lip ed­ýär, hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň yg­ty­ýar­lyk­la­ry­nyň gi­ňel­dil­me­gi­ni ma­kul­la­ýar. Gab­ri­el Bo­rik bol­sa pre­zi­dent­li­ge da­laş­gär­le­riň ara­syn­da iň ýa­şy. 35 ýaş­ly Bo­rik gurp­lu­lar üçin sal­gy­dyň art­dy­ryl­ma­gy­ny, mag­dan­çy­lyk pu­da­gy­na kä­ren­de tö­le­gi­niň gi­ri­zil­me­gi­ni gol­dap, ýurt­da mug­tu­na ýo­ka­ry bi­lim al­ma­ga ge­çiş ba­ra­da­ky pi­kir­le­ri­ni öňe sür­ýär.
19 mil­li­on­dan gow­rak ila­ty bo­lan Çi­li Res­pub­li­ka­sy La­tyn Ame­ri­ka­sy ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da sy­ýa­sy taý­dan iň dur­nuk­ly ýurt­la­ryň bi­ri­dir. Çi­li Res­pub­li­ka­sy Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň gü­nor­ta-gün­ba­ta­ryn­da­ky döw­let bo­lup, Ýu­waş um­ma­ny bi­len And­la­ryň ara­syn­da uzyn dar zo­la­gy eýe­le­ýär. Gün­ba­tar­da Ýu­waş um­ma­ny bi­len ýu­wul­ýar, gün­do­gar­da Ar­gen­ti­na, de­mir­ga­zyk­da Pe­ru, de­mir­ga­zyk-gün­do­gar­da Bo­li­wi­ýa bi­len ser­het­leş­ýär. Paý­tag­ty Sant­ýa­go. Res­mi di­li is­pan di­li­dir.