Tennis boýunça täze ýylyň ilkinji ýaryşlary tamamlandy. Awstraliýanyň Brisben şäherinde geçirilen halkara ýaryşda erkekleriň arasynda russiýaly Daniil Medwedew, zenanlardan belarusly Aryna Sabalenka ýeňiji bolup, ikisi-de bir günde karýeralaryndaky 22-nji kuboklaryny gazandylar.

Erkekleriň arasyndaky “ATP 250” halkara ýaryşyň finalynda Medwedew amerikaly Brandon Nakaşimany 6:2 we 7:6 hasaplar bilen ýeňdi. Geçen ýyl diňe 1 ýaryşda ýeňiş gazanan Medwedew soňky 8-nji finalynda 2-nji kubogyny ýokary galdyrdy.

Zenanlaryň arasyndaky “WTA 500” halkara ýaryşynda belarusly Aryna Sabalenka finalda ukrainaly Marta Kostýugy 6:4 we 6:3 hasaplar esasynda ýeňlişe sezewar etdi. Sabalenka Brisbanda bassyr 2-nji çempionlygyny gazandy.

********************************************************************

Täze Zelandiýanyň Oklend şäherinde zenanlaryň arasynda geçirilen “Açyk” çempionatda ukrainaly Elina Switolina ýeňiji bolup, ol finalda hytaýly Wan Siniýuýy 6:3 we 7:6 hasaplar bilen utdy. Bu onuň karýerasy boýunça WTA-nyň ýaryşlaryndaky 19-njy çempionlygy hökmünde hasaba alyndy.

********************************************************************

Gonkongda geçirilen erkekleriň arasyndaky “ATP 250” ýaryşynda gazagystanly Aleksandr Bublik ýeňiş gazandy. Ol finalda italiýaly Lorenzo Musettini 2 setiň dowamynda 7:6 we 6:3 hasaplar bilen ýeňmegiň hötdesinden geldi. 28 ýaşyndaky Bublik karýerasyndaky 9-njy kubogyny ýokary göterdi.